Iň täze habarlar

Hindistanyň ilçihanasy Mercedes-Benz E 400 4M awtoulagyny satuwa çykardy

02.09.2025 | 17:28
Hindistanyň ilçihanasy Mercedes-Benz E 400 4M awtoulagyny satuwa çykardy

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2018-nji ýylda öndürilen Mercedes-Benz E 400 4M awtoulagyny satuwa çykarandygy barada habar berdi. Awtoulag gowy ýagdaýda bolup, ozal diňe Ilçiniň hyzmatynda ulanylýardy.

Satyn almak üçin arzalar 2025-nji ýylyň 5-nji oktýabryna çenli möhürlenen bukjalarda aşakdaky salgy boýunça kabul edilýär: Hindistanyň ilçihanasynyň Administrasiýasynyň başlygyna, “Imperial” Halkara işewürlik merkezi, Ý. Emre köç. 1, Parahat 2/1, Aşgabat.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 45-61-52, 45-61-53.

Guramaçylar satyn almak isleýänleriň dykgatyny aşakdakylara çekýärler: awtoulag wagtlaýyn gümrük salgysyna degişli bolup, alyjy ähli gümrük resminamalaryny geçirmek we tölegleri ýerine ýetirmek üçin doly jogapkärçiligi öz üstüne alýar. Raýatlar hereket edýän çäklendirmeleri nazara alyp, arzalary tabşyryp bilerler.

Awtoulagy görmäge isleg bildirýänler ilçihananyň kabulhanasynda öňünden bellenilen wagt boýunça sagat 11:00-dan 13:00-a çenli görüp bilerler (tel. 45-61-52, 45-61-53).

ORIENT