Mahabat agentliginde boş iş orunlary
05.04.2025 | 13:45Wezipe: Mouşn dizaýner
Biz barada:
Biz dürli görnüşdäki mahabatlar bilen meşgullanýarys: içerki we daşky mahabatlardan, sergileriñ, çäreleriñ we maslahatlaryñ guramaçylygyna çenli. Biziñ toparymyzda döredijilik, jogapkärçilik, işjeñlik hem-de dostlukly gurşaw hormatlanýar.
Talaplar:
Adobe After Effects, Adobe Photoshop, Adobe Illustrator;
Beýleki programmalaryñ (Adobe Premiere Pro, CorelDraw we beýlekiler) bilinmegi garşylanýar.
Wezipe: Grafik dizaýneri
Borçlar:
Dürli mahabat materiallary, brending we beýleki wezipeler üçin dizaýni işläp taýýarlamak;
Çap üçin maketleri taýýarlamak.
Talaplar:
Iş tejribesi - 3 ýyldan az bolmadyk.
Adobe Photoshop, Illustrator, CorelDraw programmalaryny hökman bilmeli;
Beýleki programmalaryñ bilinmegi garşylanýar (After Effects, 3ds Max we beýlekiler).
Biz aşakdakylary teklip edýäris:
Dostlukly iş topary we rahat iş ýeri;
Günortanlyk nahary;
Gyzykly taslamalar we ösüş üçin mümkinçilik.
Iş tertibi:
Duşenbe - anna günleri: 9:00–18:00
Şenbe güni: 9:00–13:00
Iş haky söhbetdeşligiñ netijeleri boýunça bellenilýär.
Şahsy maglumatlaryñyzy admin@tpsadvertising.com elektron salgysyna ugradyñ ýa-da
+99312454111 telefon belgisine jañ ediñ.