8-10-njy fewralda geçiriljek konsertler we teatr oýunlary
08.02.2025 | 13:50Hepdäniň dynç günlerinde Aşgabatda medeni çäreler geçirilip, olar tomaşaçylara ýatdan çykmajak duýgylary sowgat berer. Çäreleriň arasynda konsertler we teatr oýunlary bar.
9-njy fewralda sagat 16:00-da Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda meşhur skripkaçy Bahram Dolyýewiň konserti geçiriler. Konsertiň maksatnamasynda türkmen kompozitory Röwşen Nepesowyň eserleri, Antonio Wiwaldiniň, Fris Kreýsleriň, Genrik Wenýawskiniň, Kamil Sen-Sansyň we Dmitriý Şostakowiçiň nusgawy eserleri ýaňlanar.
10-njy fewraldasagat 19:00-da Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri hindi medeniýetine bagyşlanan agşamky konserte çagyrýar. Maksatnamada meşhur hindi aktýory Raj Kapuryň filmlerinden aýdym-sazlar ýaňlanar. Konsert Mukamlar köşgünde geçiriler.
Mundan başga-da, tomaşaçylara teatr oýunlary garaşýar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry
8 fewral
«Oskar» - 19:00;
9 fewral
«Mejbury tebip bolan» - 19:00.
Magtygmuly adyndaky Milli sazly-drama teatry
8 fewral
«Bir ojakda iki dünýä» - 19:00;
9 fewral
«Päk söýgüniň güýji» - 19:00.
Alp Arslan adyndaky Milli drama teatry
8 fewral
«Bir gijäniň gudraty» - 19:00;
9 fewral
«Gyzyl alma» - 19:00.
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry
8 fewral
«Сёстры» - 19:00;
9 fewral
«Дюймовочка» - 11:00 we 13:00,
«Аршин мал алан» - 19:00.
Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatry
8 fewral
«Şowhunly tomaşa» - 19:00;
9 fewral
«Zor aýakdan tebip bolan» - 19:00.
Türkmen Döwlet gurjak teatry
8 fewral
«Alýaňak» - 17:00,
«Ýartygulak» - 19:00;
9 fewral
«Böwenjik» - 12:00 we 17:00,
«Çagaly öý bazar» - 19:00.