ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tebigatçy ýetginjekleriň arasynda düzme bäsleşigini yglan edýär
22.04.2024 | 15:48Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy tebigatçy ýetginjekleriň arasynda «Planetamyza nähili kömek edip bilerin?» atly düzme bäsleşigini yglan edýär. Gatnaşyjylar durnukly we «ýaşyl» geljegi gurmak baradaky pikirlerini paýlaşmaly bolarlar.
Bäsleşige gatnaşmaga zyňyndylary azaltmak, energiýany tygşytly peýdalanmak, durnukly ösüş we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça innowasion teklipleri bolan ýetginjekler çagyrylýar.
Gatnaşmagyň şertleri:
• Ýaş çäklendirmesi: 14-den 18 ýaşa çenli.
• Düzmäniň dilleri: türkmen, iňlis, rus.
• Düzmäniň möçberi: boşluklary hasaba almazdan, 8000-den 10000-e çenli belgi.
• Işleri tabşyrmagyň ahyrky möhleti: 6-njy maý.
• Düzmeleri adyňy, familiýaňy, ýaşyňy we düzmäniň adyny görkezip, şu elektron salga ibermeli: aygul.bashimova@eeas.europa.eu.
Bäsleşigiň jemi 1-nji iýunda jemlener.
ORIENT news