Habarlar

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýärMalaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmagy, hyzmatlar, inženerçilik we tehnologiýalar ulgamynda işleýän kompaniýalar üçin giň gerimli täjirçilik mümkinçiliklerini açmagy maksat edinýär. Bu barada Malaýziýanyň Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Akmal Nasrulla Mohd Nasir Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) atly halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde mälim etdi

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldyAşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy (UNFPA) tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen durmuşa geçirilýän CHANGE halkara maksatnamasynyň («Gender deňligi bähbidine jemgyýetçilik garaýyşlarynyň we kadalarynyň özgermegine ýardam bermek») milli düzüminiň tanyşdyrylyşy geçirildi

Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşiInfrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

Aşgabatda “OGT-2026” sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde geçirilen forumda gatnaşyjylaryň ünsüni türkmen-hytaý energetika hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri özüne çekdi. Işewürlik maksatnamasynyň esasy pursatlarynyň biri CNPC “International Ltd.” kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory Du Ýuýminiň çykyş etmegi boldy

Moskwada geçirilýän «Dutaryň owazlary» atly ýubileý festiwaly sazy, ylmy we şekillendiriş sungatyny birleşdirýärMoskwada geçirilýän «Dutaryň owazlary» atly ýubileý festiwaly sazy, ylmy we şekillendiriş sungatyny birleşdirýär

Moskwada geçirilýän «Dutaryň owazlary» atly ýubileý festiwaly sazy, ylmy we şekillendiriş sungatyny birleşdirýär

Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazlary» atly X Moskwa halkara sungat festiwaly jemleýji tapgyra gadam basýar. Ýubileý forumy diňe bir baýramçylyk konsertleriniň tapgyry bolman, eýsem medeni dialogyň janly giňişligine — Russiýa bilen Türkmenistanyň ruhy dünýäsiniň umumylygyny has giňden açyp görkezýän özboluşly akademiki we aň-bilim meýdançasyna öwrüldi

Türkmenistanyň Bitaraplygy Dohada geçirilen Ählumumy howpsuzlyk forumynda parahatçylygy üpjün etmegiň guraly hökmündeTürkmenistanyň Bitaraplygy Dohada geçirilen Ählumumy howpsuzlyk forumynda parahatçylygy üpjün etmegiň guraly hökmünde

Türkmenistanyň Bitaraplygy Dohada geçirilen Ählumumy howpsuzlyk forumynda parahatçylygy üpjün etmegiň guraly hökmünde

19–21-nji oktýabrda Kataryň paýtagty Dohada sekizinji Howpsuzlyk boýunça Ählumumy forum (Global Security Forum 2026) geçirildi. Forumyň guramaçylary bolup Kataryň Halkara howpsuzlyk barlaglary boýunça ylymlar akademiýasy (Qatar International Academy for Security Studies — QIASS) we garaşsyz, täjirçilik maksady bolmadyk “The Soufan Center” guramasy çykyş etdiler

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildiMaýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

21-nji oktýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda “Estrada sungaty” kafedrasynyň hepdeliginiň çäklerinde milli kinolarymyza we olaryň ajap saz dünyäsine bagyşlanyp Aşgabat şäheriniň we welaýatlarymyzyň sazçylyk mekdepleriniň bäsleşigi hökmünde guralan “Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşik ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi