HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýanyň şäherleri howanyň durnuklylygy we seýsmiki howpsuzlyk platformasyny giňeldýärler

Oktýabr 23, 2026 | 16:06 |2136
19–20-nji oktýabrda Daşkentde Şäherleriň durnuklylygy boýunça ikinji sebit dialogy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hökümet wekilleri, şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary hem-de degişli ugurlar boýunça bilermenler gatnaşdylar19–20-nji oktýabrda Daşkentde Şäherleriň durnuklylygy boýunça ikinji sebit dialogy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hökümet wekilleri, şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary hem-de degişli ugurlar boýunça bilermenler gatnaşdylar
Çeşme: UNDP Uzbekistan

19–20-nji oktýabrda Daşkentde Şäherleriň durnuklylygy boýunça ikinji sebit dialogy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hökümet wekilleri, şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary hem-de degişli ugurlar boýunça bilermenler gatnaşdylar. Forumyň gatnaşyjylary şäherleriň howpsuz ösüşi, howa bilen bagly töwekgelçilikleri azaltmak we esasy infrastruktura desgalarynyň goraglylygyny üpjün etmek meselelerine ünsi jemlediler.

Duşuşygyň esasy amaly netijesi Merkezi Aziýanyň şäherleriniň durnuklylygy boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boldy. Onuň gatnaşyjylarynyň sany bäşden ona çenli artdy. 2025-nji ýylda Aşgabat, Petropawl, Oş, Duşenbe we Namangan şäherleriniň başlangyjy bilen döredilen bu bileleşigiň hatary täze şäher häkimlikleriniň, şol sanda Bişkek, Fergana we Kokand şäherleriniň goşulmagy bilen giňeldi. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM), Ýaponiýanyň Hökümetiniň we GIZ guramasynyň goldawy bilen işleýän hyzmatdaşlyk platformasy iri şäherlere we sebit merkezlerine tejribe alyşmaga, Sendaý çarçuwaly maksatnamasynyň standartlaryny ornaşdyrmaga, şeýle hem şäher gurluşygyny meýilleşdirmekde ekologik we howa şertlerini nazara almaga mümkinçilik berýär.

Ikinji möhüm ädim sebitiň ýurtlarynyň milli seýsmologiýa institutlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň gol çekilmegi boldy. Bu resminama ylmy maglumatlary dessin alyşmagyň, seýsmiki işjeňlige bilelikde baha bermegiň hem-de tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçilikleriniň öňüni almak boýunça hereketleri utgaşdyrmagyň mehanizmlerini berkidýär.

central-asia-urban-resilience-coalition-ashgabat-seismic-safety-undp (2).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026