Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy


Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy (UNFPA) tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen durmuşa geçirilýän CHANGE halkara maksatnamasynyň («Gender deňligi bähbidine jemgyýetçilik garaýyşlarynyň we kadalarynyň özgermegine ýardam bermek») milli düzüminiň tanyşdyrylyşy geçirildi. Býujeti 5,2 million ýewro bolan sebit taslamasy Merkezi Aziýa ýurtlaryny öz içine alýar hem-de inklýuziw ykdysady syýasaty ösdürmäge we durmuş institutlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Maksatnamanyň çäklerinde işleriň esasy ugurlary ylmy-barlag we usulyýet taýdan goldaw bermekden ybarat bolar. BMGÖM we UNFPA milli hyzmatdaşlara ilatyň wagty nähili peýdalanýandygyny öwrenmek boýunça giň gerimli barlagy geçirmekde, şeýle hem zähmet bazarynyň resmi däl bölegini öwrenmekde ýardam bererler. Alnan seljeriş maglumatlary hünär bilimine elýeterliligi giňeltmek, gaýtadan hünär taýýarlygyny üpjün etmek we ýaşlaryň telekeçilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekleri üçin zerur şertleri döretmek boýunça amaly teklipleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer.

BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýanyň belleýşi ýaly, zenanlaryň ykdysady hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi tutuş milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine itergi berýän tebigy hereketlendiriji bolup hyzmat edýär. Öz gezeginde, UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kemal Goşlyýew hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekili Maçeý Adam Madalinski deň mümkinçilikleriň institutlaryny ösdürmek üçin bilermen-seljeriş binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

CHANGE başlangyjy Türkmenistanyň ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça milli ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmek işlerine utgaşdyrylýar. Bu babatda, ilkinji nobatda, DÖM 5-e (gender deňligi) we DÖM 8-e (mynasyp zähmet we ykdysady ösüş) aýratyn ähmiýet berilýär.








