

Aşgabatda Türkmen alabaýynyň baýramy giň gerimde bellenildi: baş baýrak — Toyota Camry
25-nji oktýabrda Aşgabat atçylyk sport toplumy Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Çäre ýurduň ýolbaşçy düzüminiň wekillerini we diplomatlary, halkara bilermenleri, itşynaslary, «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wekillerini hem-de gadymy tohuma sarpa goýýan köp sanly muşdaklary bir ýere jemledi

















