Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar


Perenco Holdings kompaniýasynyň baş direktory Armel Simonden Orient-e beren interwýusynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljegi, kompaniýanyň uzak wagtdan bäri işlenip gelinýän ýataklary özleşdirmekdäki ýöriteleşmesi hem-de Aşgabada ilkinji saparyndan alan täsirleri barada gürrüň berdi.
Söhbetdeşlik Aşgabatda oktýabryň 21-23-i aralykda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly XXXI halkara maslahatynyň we sergisiniň (OGT 2026) çäklerinde guraldy.

Armel Simonden çäräni guraýjylar bolan «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernlerine minnetdarlyk bildirip, maýadarlaryň, halkara kompaniýalaryň we döwlet edaralarynyň wekilleriniň arasynda işewür gatnaşyklary ösdürmekde maslahatyň ähmiýetini belledi.
«Bu maýadarlaryň, kompaniýalaryň we döwlet edaralarynyň wekilleri bilen duşuşmaga mümkinçilik berýän ajaýyp çäre. Şeýle hem biz ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň häzirki ýagdaýyna baha bermek we hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döwlet edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdik» diýip, ol belledi.
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, kompaniýa uzak wagtdan bäri işlenip gelinýän we girdejililigi pes ýataklary özleşdirmek boýunça ýöriteleşdirilen tejribesini Türkmenistana hödürlemäge taýýar. Şeýle çemeleşme eýýäm hereket edýän desgalarda çykarylýan nebitiň we gazyň möçberini artdyrmaga, şeýle hem ýörite tehnologiýalary ulanmak arkaly kiçi ýataklary we ozal ýüze çykarylan gorlary özleşdirmäge mümkinçilik berýär.
«Biz uzak wagtdan bäri işlenip gelinýän we girdejililigi pes ýataklar boýunça ýöriteleşýäris hem-de hereket edýän desgalarda önümçiligi artdyrmak üçin zerur bilim we tejribä eýediris. Mundan başga-da, ýörite tehnologiýalary ulanmak arkaly täze açylan ýataklary, hususan-da, deňziň ýalpak suwly ýerlerindäki ýataklary özleşdirmäge gatnaşyp bileris» diýip, Simonden düşündirdi.
Ol Hazar deňziniň nebitgaz pudagyny mundan beýläk ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini hem nygtady we Türkmenistanda maýadarlar üçin durnukly gurşawyň bardygy baradaky pikirini beýan etdi.
Perenco uglewodorod serişdelerini çykarmak we uzak wagtdan bäri işlenip gelinýän ýataklaryň ulanylyş möhletini uzaltmak boýunça ýöriteleşýän garaşsyz halkara nebitgaz kompaniýasydyr. Kompaniýanyň resmi maglumatlaryna görä, onuň işi Ýewropanyň, Afrikanyň, Latyn Amerikasynyň we Günorta-Gündogar Aziýanyň 14 ýurduny öz içine alýar. Perenco öz işinde bar bolan serişdeleri has netijeli peýdalanmaga we önümçiligi has uzak wagtlap dowam etdirmäge mümkinçilik berýän tehniki çözgütlere aýratyn üns berýär.
Armel Simonden 2024-nji ýylyň aprelinden bäri Perenco kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýär. Bu wezipä bellenmezinden ozal ol nebitgaz pudagynda dürli inženerçilik we ýolbaşçylyk wezipelerinde işledi. Şol sanda Total kompaniýasynda hem-de Perenco-nyň Kamerundaky bölümlerinde zähmet çekdi. Söhbetdeşligiň ahyrynda kompaniýanyň ýolbaşçysy Türkmenistana ilkinji saparyndan alan täsirlerini paýlaşdy.

«Men Aşgabada ilkinji gezek geldim. Şäher, ýurt we adamlaryň myhmansöýerligi mende uly täsir galdyrdy. Toparymyz bilen bu ýerde wagtymyzy örän gowy geçirdik. Sag bol, Türkmenistan!» diýip, ol aýtdy.
OGT 2026 halkara maslahaty energetika hyzmatdaşlygynyň geljegini, pudagy ösdürmegiň we Türkmenistanyň nebitgaz ulgamyna maýa goýumlaryny çekmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin nebitgaz kompaniýalarynyň, döwlet edaralarynyň wekillerini we maýadarlary bir ýere jemleýär.
Bu çäre ykdysady diplomatiýanyň gurallaryny iş ýüzünde ulanmagyň çäklerinde geçirildi. Şeýle görnüşdäki çäreler halkara işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga, daşary ykdysady işjeňligi höweslendirmäge we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini görkezmäge hyzmat edýär.








