Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge


Gruziýanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Maka Boçorişwiliniň başlangyjy bilen 23-nji oktýabrda Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň taryhda ilkinji gezek bilelikdäki duşuşygy geçirildi. Köpugurly foruma Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, şeýle hem Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar.

Diplomatik gulluklarynyň ýolbaşçylary sebitara dialogyň derejesine ýokary baha berip, halkara gün tertibiniň esasy meseleleri we sebitde durnuklylygy üpjün etmek boýunça garaýyşlaryň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny bellediler. Täze hyzmatdaşlyk görnüşiniň ýola goýulmagy Merkezi Aziýa bilen Kawkaz sebitiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy yzygiderli we ulgamlaýyn esasda alyp barmaga, ykdysadyýet, söwda, ulag we syýahatçylyk ulgamlarynda amaly çäreleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

Batumide geçirilen duşuşygyň esasy mazmunyny Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň (Orta geçelgäniň) mümkinçiliklerini açyp görkezmek meselesi düzdi. Diplomatlar port düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, logistika amallaryny sanlylaşdyrmak we üstaşyr geçiş düzgünlerini mümkin boldygyndan ýönekeýleşdirmek arkaly bu ulag ugrunyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Gruziýanyň arasynda özara bähbitli sebitara hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi. Şolaryň hatarynda Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasy we Halkara deňiz guramasy ýaly halkara guramalar bilen alnyp barylýan işleri güýçlendirmek zerurlygy hem bar.

Türkmenistanyň tekliplerini durmuşa geçirmek üçin zerur bolan toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamagyň ähmiýeti bellenildi. Mundan başga-da, türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň aýratyn ugry hökmünde Gruziýanyň mümkinçiliklerinden, şeýle hem strategik ähmiýetli taslamalardan peýdalanmagy teklip etdi. Telekommunikasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtamak bilen, Türkmenistanyň daşary işler ministri Hazar deňzi–Gara deňiz geçelgesiniň ugry boýunça optiki-süýümli kabeli çekmek ýaly işleri öz içine alýan telekommunikasiýa torlaryny gurmak taslamasyna ünsi çekdi.

Gepleşikleriň amaly dowamy hökmünde duşuşyga gatnaşyjylar Batumi deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Gruziýanyň Deňiz ulaglary agentliginiň direktory Iwane Abaşidze ministrlere port we terminal infrastrukturasynyň işleýşi, häzirki üstaşyr ýük görkezijileri, şeýle hem häzirki wagtda durmuşa geçirilýän we geljekde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalar şol sanda Anakliýa çuň suwly portuny ösdürmek taslamasy barada giňişleýin maglumat berdi. Diplomatlar Hazar deňzi–Gara deňiz ulag-logistika merkeziniň Ýewraziýada durnukly ösüşi we ykdysady arabaglanyşygy üpjün etmekde esasy şertleriň biri hökmünde strategik ähmiýetini nygtadylar.









