Li Sýan bilen Wladimir Putin Russiýa-Hytaý hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşdy
Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýan çarşenbe güni Sankt-Peterburgda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we amaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdy.
Li Sýan Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň salamyny Wladimir Putine ýetirdi we iki ýurduň ýolbaşçylarynyň şu ýylyň dowamynda eýýäm iki gezek duşuşyp, gatnaşyklaryň ösüşiniň geljekki ugurlaryny kesgitländiklerini aýtdy.
Hytaýyň Premýeri Pekiniň Moskwa bilen strategik utgaşdyrmany güýçlendirmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we iki ýurduň ykdysadyýetleriniň biri-birini doldurýan mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmaga taýýardygyny belledi.
Taraplar energetika we tebigy serişdeler, söwda we maýa goýumlary, ulag hem-de beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler.
Li Sýan Russiýa-Hytaý Bilim ýyllarynyň çäklerinde ynsanperwer gatnaşyklary, şeýle hem medeniýet, syýahatçylyk, sport we ýaşlar ulgamyndaky alyşmalary ösdürmäge çagyrdy.
Hytaý tarapy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy we BRIKS ýaly köptaraplaýyn meýdançalarda Russiýa bilen utgaşdyrmany güýçlendirmäge taýýardygyny hem mälim etdi.
Wladimir Putin öz gezeginde Si Szinpine salamyny ýetirmegi haýyş etdi we Russiýa bilen Hytaýyň hökümet baştutanlarynyň yzygiderli duşuşyk mehanizminiň 30 ýyldan bäri möhüm orun eýeleýändigini aýtdy.
Russiýanyň Prezidenti Moskwanyň Hytaý bilen energetika, oba hojalygy, kosmos, parahatçylykly atom energetikasy, maglumat tehnologiýalary, emeli aň we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Putin şeýle hem Russiýanyň şu ýyl Hytaýyň APEC-iň ykdysady liderleriniň duşuşygyny geçirmegini we geljek ýyl BRIKS-e başlyklyk etmegini goldaýandygyny aýtdy.
Li Sýan saparyny tamamlap we Russiýa bilen Hytaýyň hökümet baştutanlarynyň 31-nji yzygiderli duşuşygyna bilelikde ýolbaşçylyk edip, penşenbe güni Pekine dolandy.
CCTV+ habar bermegine görä, taraplar amaly hyzmatdaşlygy hem-de halkara we sebit meseleleri boýunça utgaşdyrmany mundan beýläk giňeltmek niýetini tassykladylar.









