HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy: häzirki El-Ninýo soňky 40 ýylyň iň güýçlisi bolup biler

Oktýabr 23, 2026 | 17:00 |1264
Çeşme: orient.tm

Häzirki El-Ninýo hadysasy güýji boýunça görlüp-eşidilmedik derejä ýetip, soňky dört onýyllykda ulanylan gözegçilik görkezijileriniň çäginden çykyp biler. Bu barada Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň Baş sekretary Seleste Saulo aýtdy.

BMG-nyň ýöriteleşdirilen edarasy Ženewada Global möwsümleýin klimat boýunça iň täze çaklamasyny hödürledi.

Saulonyň sözlerine görä, häzirki El-Ninýonyň iň ýokary derejesine 2026-njy ýylyň ahyrynda ýetmegine garaşylýar, emma onuň täsirleri ondan soň hem uzak wagtlap dowam eder.

BMG-nyň soňky çaklamasyna görä, El-Ninýonyň esasy merkezi bolan tropiki Ýuwaş ummanynda deňiz üstüniň temperaturasy 2026-njy ýylyň noýabryndan 2027-nji ýylyň ýanwaryna çenli ortaça derejeden 3,8 gradus Selsiýa çenli ýokary bolup biler.

Gurama güýçlenýän El-Ninýonyň dünýäniň dürli sebitlerinde howply howa hadysalarynyň töwekgelçiligini artdyryp biljekdigini duýdurdy.

Gündogar Afrikanyň käbir ýerlerinde güýçli ýagyşlaryň we suw joşmalarynyň töwekgelçiligi ýokarlanyp biler, Günorta Afrika bolsa gurakçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolup biler.

Günorta-Gündogar Aziýada ýokary temperaturanyň we ygalyň ýetmezçiliginiň bolmagyna garaşylýar. Amerikanyň käbir sebitlerinde bolsa adatdan daşary güýçli ýagyşlar ýa-da gurakçylyk ýagdaýlary ýüze çykyp biler.

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy ýurtlary irki duýduryş ulgamlaryny güýçlendirmäge we tebigy betbagtçylyklara taýýarlygy ýokarlandyrmaga çagyrdy.

CCTV+ habar bermegine görä, häzirki El-Ninýonyň täsirleriniň 2026-njy ýylyň ahyrynda iň ýokary derejesine ýetenden soň hem dowam etmegine garaşylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026