Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär


Malaýziýa Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmagy, hyzmatlar, inženerçilik we tehnologiýalar ulgamynda işleýän kompaniýalar üçin giň gerimli täjirçilik mümkinçiliklerini açmagy maksat edinýär. Bu barada Malaýziýanyň Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Akmal Nasrulla Mohd Nasir Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) atly halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde mälim etdi.
Malaýziýa tarapy nebitgaz pudagy üçin enjamlary we hyzmatlary (OGSE) diňe bir üpjün ediji hökmünde däl-de, eýsem ýokary tehnologiýaly önümçilikleri ýerli şertlerde ýola goýmaga, tehnologiýalary geçirmäge we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga gönükdirilen uzak möhletleýin hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge taýýardygyny nygtaýar. Ministriň beýanatyna görä, “OGT 2026” sergisine Malaýziýanyň 20 kompaniýasy gatnaşýar. Aşgabatda geçirilýän sergide ilkinji gezek Malaýziýanyň milli pawilýony açyldy. Onda Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasynyň (MPRC) we “Petronas” kompaniýasynyň howandarlygynda ýedi sany öňdebaryjy hyzmat ediji kärhana öz çözgütlerini we işläp taýýarlamalaryny görkezýär.
Hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ugrunda edilen amaly ädimleriň biri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň gol çekilmegi boldy. Bu resminama Türkmenistanyň nebit çykaryş pudagyna Malaýziýanyň öňdebaryjy hyzmat tehnologiýalaryny we enjamlaryny çekmäge ýardam etmegi maksat edinýär. Ylalaşyk Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimyň Aşgabada amala aşyran resmi saparynyň dowamynda döredilen institusional binýady ösdürýär hem-de “Petronas” kompaniýasynyň Hazar deňziniň türkmen böleginde 30 ýyl bäri alyp barýan işleriniň üstüni ýetirýär.
Malaýziýanyň wekiliýetiniň iş maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow, Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow, şeýle hem “Dragon Oil” we “Eni Turkmenistan” halkara operatorlarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Şeýle hem 23-nji oktýabrda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda energetika hyzmatdaşlygy boýunça ýörite tegelek stoluň geçirilmegi meýilleşdirildi. Bu çäre gazanylan ylalaşyklary anyk şertnamalara we bilelikdäki hyzmat taslamalaryna öwürmäge mümkinçilik berer.








