Türkmenistanyň Bitaraplygy Dohada geçirilen Ählumumy howpsuzlyk forumynda parahatçylygy üpjün etmegiň guraly hökmünde


19–21-nji oktýabrda Kataryň paýtagty Dohada sekizinji Howpsuzlyk boýunça Ählumumy forum (Global Security Forum 2026) geçirildi. Forumyň guramaçylary bolup Kataryň Halkara howpsuzlyk barlaglary boýunça ylymlar akademiýasy (Qatar International Academy for Security Studies — QIASS) we garaşsyz, täjirçilik maksady bolmadyk “The Soufan Center” guramasy çykyş etdiler. Forum Kataryň Premýer-ministri, daşary işler ministri şeýh Muhammed bin Abdurrahman Al Taniniň howandarlygynda geçirildi.
Çärä ýüzden gowrak döwlete wekilçilik edýän ýokary wezipeli ýolbaşçylar, diplomatlar hem-de bilermenler gatnaşdylar. Türkmenistan foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň direktory Şiri Şiriýew wekilçilik etdi.

Forumda halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmak, täze hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem häzirki zaman çagyryşlara we howplaryna garşy durmakda döwletleriň bilelikdäki tagallalaryny utgaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Geosyýasy dartgynlylyga, halkara guramalarynyň araçylyk we konflikt zolaklarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakdaky ornuna, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga hem-de köpçülikleýin howpsuzlygyň meselelerine aýratyn üns berildi.
Hut şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň eýeleýän orny aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Bitaraplygy dünýäniň meselelerinden çetde durmagy däl-de, eýsem dialog we öňüni alyş diplomatiýasy arkaly howpsuzlygy üpjün etmäge gatnaşmagyň görnüşini aňly-düşünjeli saýlap almagy aňladýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň oktýabrynda BRICS sammitinde eden çykyşynda nygtaýşy ýaly:
«Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara jemgyýetçiligiň dünýäde hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerini berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny parahatçylyk döredijilik gün tertibini ilerletmek, ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarda deňhukukly dialog, ynanyşmak, açyklyk medeniýetini pugtalandyrmak üçin ulanýar».
Bu ýörelge türkmen bilermenleriniň amaly işlerinde hem yzygiderli öz beýanyny tapýar. Forumyň çäklerinde Kataryň Emiriň milli howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi Muhammed bin Ahmed Al Misnad, şeýle hem Kataryň Halkara howpsuzlyk barlaglary boýunça ylymlar akademiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Ali Soufan bilen duşuşyklar geçirildi.

Duşuşyklarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, onuň düzüm birligi bolan Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň hem-de Kataryň degişli düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Forumyň Dohada geçirilmegi Kataryň halkara gepleşiklerinde, araçylyk işlerinde we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlykda işjeň orun eýeleýändigini görkezýär.
Şol bir wagtyň özünde, bu çäräniň özi hem ählumumy ähmiýetli waka bolup durýar. Çünki ol ýurtlaryň arasynda özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, jedelli we gapma-garşylykly meseleleri parahatçylykly, diplomatik ýollar arkaly çözmegiň mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendir.
Bitaraplyga we öňüni alyş mehanizmlerine daýanýan ýurtlar üçin şeýle meýdançalar aýratyn ähmiýete eýedir. Olar oňyn bitaraplyk ýörelgelerini anyk taslamalara we iş ýüzündäki ylalaşyklara öwürmäge mümkinçilik berýär.









