Habarlar

Aşgabatda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildiAşgabatda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi

Aşgabatda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 3-nji iýulda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, ýapon wekiliýetine bolsa Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça Ýörite wekili Işikawa Masaki ýolbaşçylyk etdi

Aşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildiAşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

1-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň we Gazagystanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda gepleşikler we syýasy geňeşmeler geçirildi. Ýermek Koşerbaýewiň ýolbaşçylygyndaky gazak wekiliýetiniň resmi sapary we onuň Raşid Meredow bilen duşuşygy ozal gazanylan ýokary derejeli ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine we Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana saparyny Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp görmek bilen tamamladyTürkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana saparyny Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp görmek bilen tamamlady

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana saparyny Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp görmek bilen tamamlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji güni Garabag sebitindäki iri möçberli infrastruktura we medeni taslamalar bilen tanyşmaga bagyşlandy. Türkmenistanyň Baştutany Baku şäherinden Fizuli şäherine ugrady. Fizuli Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew garşylady

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisindenAzerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji iýunda, şenbe güni Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Wise-premýerler döwlet durmuşynyň esasy ugurlary, ýangyç-energetika toplumynyň infrastrukturalaryny döwrebaplaşdyrmak, bank ulgamynda sanly standartlary ornaşdyrmak we möhüm halkara çärelerine taýýarlyk görmek barada hasabat berdiler