Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi


21-nji oktýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda “Estrada sungaty” kafedrasynyň hepdeliginiň çäklerinde milli kinolarymyza we olaryň ajap saz dünyäsine bagyşlanyp Aşgabat şäheriniň we welaýatlarymyzyň sazçylyk mekdepleriniň bäsleşigi hökmünde guralan “Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşik ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu çäre kafedra müdiri, uly mugallym Maýsa Mämmetjumaýewanyň başda durmagynda we guramaçylygynda geçirildi. Ol bäsleşigi alyp baryşyndaky ussatlygy, beren gyzykly soraglary we sahna beren döredijilikli ruhy bäsleşigiň şowhunyny birnäçe esse artdyrdy.
Bäsleşik geçirilen kiçi zalyň içi uly şowhunly tomaşaçylardan ybarat boldy. Bäsdeşleri goldamak üçin kafedranyň mugallymlary bilen birhatarda, gatnaşyjylar Gurbandurdy Nepesowyň we İşanýaz Agaýewiň okaýan sazçylyk mekdeplerinden gelen mugallymlary hem-de talyp deň-duşlary zalda uly hyjuw bilen olara tarapdar boldular.
Bäsleşige milli saz bilimi edaralarynyň iň zehinli 3 sany talyby ýagny, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Estrada sungaty” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Sahydöwlet Saparow, Ahal welaýat Ýörite sazçylyk sungat mekdebiniň “Saz mugallymy” bölüminiň 2-nji ýyl talyby Işanýaz Agaýew, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sazçylyk mekdebiniň “Fortepiano” bölüminiň 3-nji ýyl talyby Gurbandurdy Nepesow dagylar gatnaşdy.
Bäsleşik milli kinolarymyz boýunça taýýarlanan 5 sany kynçylykly tapgyrdan ybarat boldy. Gatnaşyjylar ekrandaky kadrlar, ses ýazgylary we ýatkeşlik testleri boýunça öz bilimlerini synadylar.
Bäsleşigiň iň gyzykly we tomaşaçylary ýylgyrdan pursatlarynyň biri hem Türkmen kinosynyň altyn hazynasy bolan “Aşyr aganyň hötjetligi” kinofilmi boýunça berlen sorag boldy. Hemmeleriň söýüp synlaýan bu filmi boýunça berlen sorag gatnaşyjylar üçin hakyky synaga öwrüldi we olaryň bu soraglara jogap tapmakda kynçylyk çekmegi zaldaky tomaşaçylaryň arasynda ýakymly tolkunlanma we gyzykly pursatlary döretdi.
Ilkinji 4 tapgyryň netijesi boýunça az ball toplan Sahydöwlet Saparow bäsleşigi tamamlamaly boldy. Finala galan iki bäsdeş — Işanýaz Agaýew bilen Gurbandurdy Nepesowyň arasynda hakyky çekeleşik başlandy.
5-nji tapgyrda 15 sany film kadryny ýatda saklap aýtmak şertinde ýatkeşligini we ünslüligini ulanan Gurbandurdy Nepesow ähli tapgyrlardan iň ýokary baly toplap, bäsleşigiň 1-nji ýerini eýeledi hem-de esasy ýeňijisi diýlip yglan edildi!
Leýla Serdarowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Estrada sungaty” kafedrasynyň mugallymy






