Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi


Kindi Land saýty web-dizaýn ulgamyndaky abraýly halkara Awwwards baýragyna dalaşgärleriň hataryna girdi. Türkmenistanyň süýji-köke önümlerini öndürýän Kindi kompaniýasy üçin bu taslamany Zer Design agentligi işläp taýýarlady.
Bu, agentligiň ýerli işewürler üçin taýýarlan işleriniň arasynda Awwwards baýragyna dalaşgär görkezilen ikinji taslamadyr. Ilkinjisi içgileri öndürýän Arçalyk kompaniýasynyň saýty bolup, ol bu derejä 2025-nji ýylyň iýulynda eýe bolupdy. Indi bolsa bu sanawyň üstüni türkmen süýji-köke önümlerine bagyşlanan taslama ýetirdi.

Kindi Land halkara eminler toparynyň garamagyna hödürlendi. Awwwards taslamalara baha berlende olaryň dizaýnyny, ulanyş amatlylygyny, döredijilik çemeleşmesini we mazmunyny göz öňünde tutýar. Bahalandyrmagyň netijelerine görä, saýt «Günüň saýty» — Site of the Day halkara baýragyna mynasyp bolup biler.
Kindi Land saýtynyň döredilmegi kompaniýanyň eksport işini ösdürmek maksady bilen baglanyşyklydyr. Onuň esasy wezipesi önümleri daşary ýurtlardaky geljekki müşderilere tanyşdyrmakdan hem-de import edijiler, distribýutorlar we söwda hyzmatdaşlary bilen aragatnaşyk ýola goýmaga ýardam bermekden ybaratdyr. Taslama Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) goldawy bilen «Kiçi telekeçilik üçin maslahatlar» (Advice for Small Businesses, ASB) maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirildi.
Saýtda Kindi we Kitir brendleri, olaryň önüm görnüşleri, Türkmenistandaky önümçiligi hem-de kompaniýanyň eksport ugurlary barada maglumatlar ýerleşdirildi. Maglumatlar türkmen, rus we iňlis dillerinde elýeterlidir. Saýta girýänler önümler bilen tanşyp, hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin eksport boýunça topara gönüden-göni ýüz tutup bilerler.

Arçalyk we Kindi taslamalarynyň halkara hünär platformasynda yzly-yzyna peýda bolmagy Türkmenistanyň işewürlik we döredijilik pudaklarynyň mümkinçiliklerine ünsi çekýär. Bu saýtlaryň aňyrsynda ýerli önümler, telekeçilik başlangyçlary we türkmenistanly hünärmenleriň zähmeti durýar. Ýurdumyz üçin bu, öz brendleri bilen birlikde, olaryň halkara bazardaky ornuny berkitmäge ýardam edýän hünärmenler toparlaryny hem daşary ýurtly köpçülige tanyşdyrmaga mümkinçilikdir.









