Mümkin bolan wezipe: resminamalarda bulaşmazdan daşary ýurt ýokary okuw mekdebine nädip girmeli
Tomus möwsüminiň iň gyzgalaňly döwri, bu bolsa türkmen mekdepleriniň uçurymlarynyň köpüsiniň okamak üçin işjeň ýer saýlaýandyklaryny aňladýar. Emma, gowy uniwersiteti we islenýän hünäriňi tapmak – ýoluň ýarysydyr. Daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerine ýüz tutanlarynda köpüsi: GPA, SoP, transkript we ş.m. nätanyş adalgalara gabat gelýärler. Bu resminamalaryň nämedigini we nireden almalydygyny - ORIENT-de jikme-jik okaň.