Iň täze habarlar

Öý şertlerine halyny nädip arassalamaly

25.04.2023 | 12:18 |
 Öý şertlerine halyny nädip arassalamaly

Ýüň — türkmen halylaryny dokamak üçin iň köp ýaýran materialdyr. Ýüňden dokalan halylar uzak wagtlap hyzmat edýär we berk bolýar, mehaniki täsirlere durnukly, çeýedir — hatda güýçli agram düşmelerden soňra hem ilkibaşdaky görnüşine gaýdyp gelýär. Ýöne halyny uzak wagtlap ulanmak üçin oňa dogry seretmeli.

Tebigy ýüňden dokalan önümler ýakymsyz yslary özüne tiz siňdirýär, dürli suwuklyklaryň we beýleki hapalaýjylaryň yzy olarda aňsatlyk bilen galýar. Şunda olar arassalaýjy serişdelere ýeterlik derejede talapkärdir. Hut şol sebäpli arassalamak meselesine seresaplylyk bilen çemeleşmeli. Onda-da, halyny öý şertlerinde arassalap bolýar.

Tozan sorujy bilen arassalamak

Как почистить ковер в домашних условиях

Tozan sorujy — siziň esasy kömekçiňiz. Halynyň ýygy-ýygydan tozanyny süpürmek gerek däl — hepdede iki gezek tozanyny almak ýeterlikdir. Şeýle etseňiz siz halynyň tüýlerini gowy saklarsyňyz, halynyň özi arassa galar, reňki açyk bolar.

Haçanda üpürjigi uzyn halynyň tozanyny sorduranyňyzda howlukmaň. Ýüzünden bir gezek geçmek ýeterlik däldir. Ýygnanan ähli hapalary we tozany aýyrmak üçin tozan sorujynyň ujy bilen ýuwaşjadan birnäçe gezek geçmek gerek. Adamlaryň ýöreýän ýa-da oturýan ýerlerine aýratyn üns beriň.

Tozan sorujy bilen arassalama gutarandan soňra, halynyň hapalanmagynyň öňüni alýan ýörite gorag serişdelerini we ýakymly ys berijileri ulanmak bolýar. Şunda önümi taýýarlaýjynyň gözükdirmesini berjaý ediň.

Halyny ölläp (çygly usulda) arassalamak

Как почистить ковер в домашних условиях

Ýüň halyda arassalaýjy serişdäni ulanmazdan öňürti, ilki bilen ony belli bolmaýan ýerinde synag edip görmeli. Arassalaýjy serişdäniň az mukdaryny hala sepiň we birnäçe minut goýuň. Soňra oňa arassa matany sürtüp, reňkiň geçýändigini ýa-da hala zeper ýetýändigini barlap görüň. Eger-de reňki akmasa ýa-da solmasa, arassalamaga girişip bolar.

Ýyly suw bilen ýumşak ýuwujy serişdäni ýa-da ýüň halylary arassalaýjy serişdäniň erginini garyşdyryň. Gazaply himikatlary ýa-da agardyjylary ulanmakdan gaça duruň, olar halynyň süýümini zaýalap biler. Arassalaýjy erginde çotgany ýa-da ýumşak tüýli gubkany ölläň we onuň bilen halynyň üstüni arassalaň. Aýlawly hereketler bilen ýuwaşjadan halyny süpüriň, şonda hapalanan ýerlerine aýratyn üns beriň.

Tutuş halyny arassalap bolanyňyzdan soňra, arassalaýjy serişdäniň galyndylaryny gowy aýyryň. Ähli köpürjigi we sabyny ýuwup aýryň, şunda has köp mukdarda suw ulanmakdan gaça durmaly. Soňra önümi guradyň. Halydaky artykmaç suwy aýyrmak üçin arassa polotense ýa-da şwabra ulanyň. Şundan soňra goý haly açyk howada ýa-da gowy howalanýan ýerde doly gurasyn. Ony göni düşýän gün şöhlesiniň aşagynda goýmaly däl, sebäbi bu reňkiniň solmagyna getirip biler.

Ynha ýene-de birnäçe maslahatlar, olar siziň önümiňiziň hyzmat ediş möhletini uzaltmaga kömek eder:

— Ýokary çyglylyk şertlerinde halyny ulanmaly däl.
— Aşhanada ýa-da himiki jisimler bolan otagda halyny ulanmaly däl.
— onuň üstünde ýiti aýaklary bolan agyr mebeli goýmaly däl.
— endigan bolmadyk şekilde zaýalanmazlygy üçin, öz okunyň daşynda aýlamaly.

Dürli hapalanmalardan arassalamak üçin hünärmenler haly örtükleri üçin bitarap şampun, gury arassalamak üçin tegmil aýyryjylary ýa-da ýörite ýumşak el süpürgiçleri ulanmaklygy maslahat berýärler. Ýatda saklaň, ýüň halyny ýuwmak bolanok.

Halyny arassalamak üçin el astyndaky haýsy serişdeleri ulanmak bolýar:

Naşatyr spirti. Örän tasirli tegmil aýryjy. 0,5 l suwda 10 ml naşatyr spirtini we kir ýuwujy poroşogyň çaý çemçesini garyşdyryň. Suwuklygy tegmile degiriň we çotga bilen ýuwaşjadan sürtüň. Soňra gury mata bilen süpüriň we guradyň.

Azyk sodasy. Ol hem tegmilleri gaty gowy çykarýar. Tegmiliň üstüne köp mukdarda azyk sodasyny sepiň we ýarym sagatdan ýa-da bir sagatdan tozanyny süpüriň. Iýmit sodasy diňe bir tozany we hapany däl-de, eýsem ýakymsyz ysy hem özüne siňdirýär.

Limon suwy. Hatda iň kyn aýrylýan tegmilleri hem iýýär. Limonyň sykylan suwuny tegmile damdyryň we birnäçe sagatdan soňra halynyň üsti şepbeşik bolmaz ýaly öl gubka ýa-da esgi bilen gowy edip ýuwuň. Soňra halyny guratmaga goýuň.

Şeýle hem siz özbaşdak haly üçin ýakymly ys berijini ýasap bilersiňiz: bir gysym azyk sodasy ys beriji ýagyň birnäçe damjasyny damdyryň, soňra halynyň üstüne sepeläň. 10-20 minutdan tozan sorujy bilen gowy arassalaň.

Eger-de siz ýüň halynyň üstüne bir zat döken bolsaňyz, ol tegmili şol bada sordurmaly. Suwuklygyň mümkin boldukça köp mukdaryny almak üçin arassa mata ýa-da kagyz polotense ulanyň, suwuklygyň hala siňmezligi üçin ymtylyň. Sürtülme sebäpli tegmili aýyrmak kynrak bolar. Soňra ol ýere haly arassalaýjy ergini döküň we tegmili ýumşak esgi bilen ýuwaşjadan süpüriň.

ORIENT

Foto: Canva

Şeýle hem okaň: