Iň täze habarlar

Orazada kelle agyrydan nädip gaça durmaly – lukmanyň maslahatlary

27.03.2023 | 12:41 |
 Orazada kelle agyrydan nädip gaça durmaly – lukmanyň maslahatlary

Musulmanlarda mukaddes Oraza aýy başlandy, bu bolsa agyz beklemegiň başlanandygyny aňladýar. Kelle agyrysy agyz bekleýänleriň köpüsi üçin, aýratyn hem,orazanyň ilkinji günleri esasy alamatlaryň biri bolup durýar. Olar naharlanmak endikleriniň we ukynyň kadasynyň üýtgemegi, şeýle hem suwuklygyň az sarp edilmegi sebäpli ýüze çykyp bilýär.

Lukman agyz beklenýän döwürde nädip kelle agyrydan gaça durup boljakdygy baradaky maslahatlary bilenpaýlaşýar.

Katardaky «Hamad» korporasiýasynyň gaýragoýulmasyz tiz kömek boýunça baş maslahatçysy, lukman Ýusef Al Taýebiň bellemegine görä, käbir adamlarda agyz açardan öň, käbirlerinde bolsa - şondan soň kelle agyrysy peýda bolýar. Her adamda ol ýygylygy boýunça tapawutlanýar.

Onuň aýtmagynda görä, kelle agyrysy köplenç agyz açardan öň şeker ýetmezçiligi sebäpli we onuň derejesiniň adatdakydan pes bolmagy sebäpli döreýär. Sebäbi şeker bedendäki kuwwatlygyň möhüm çeşmesi bolup durýar.

Käbir adamlar agyz açardan soňra kelle agyrysyny duýýarlar, bu bolsa aşgazanyň aşa dolmagy bilen baglydyr. Ol bolsa, öz gezeginde, diafragma basýar, şeýdip hem dem alyş işini kynlaşdyrýar we agyz bekleýände dem gysma (haşlama), ýadawlyk we kelle agyry döredýär.

Şunuň bilen baglanyşykly lukman Ýusef Al Taýeb mukaddes aýyň dowamynda kelle agyrysyndan nädip gaça durmalydygy barada möhüm maslahatlary bilenpaýlaşýar. Ynha olaryň käbirleri:

— selärligi hökman edinmeli – bu Oraza aýynda irdenki naharlanma;

— selärlikde sagdyn we doly gymmatly iýmitleri iýmeli, açlygyň tutuş döwründe bedene kuwwat berjek görnüşde iýmitlenmeli. Onda haýal özleşýän önümlerden, dänelilerden, kösüklilerden, gök önümlerden we miwelerden edilen nahary edinmeli;

— Oraza wagtynda uky wagtlaryny kadalaşdyrmaly;

— gaty giç uklamakdan gaça durmaly;

— günüň dowamynda hökman gysga wagtlyk irkilmeli;

— bedeniň suw deňagramlygyny saklamak üçin köp mukdarda suwuklyk içiň — agyz açardan selärlige çenli 3 litre golaý suw içmeli;

— bedeni gerekli bolan ýokumlar we minerallar bilen üpjün etmek üçin agyz açarda sagdyn we doly kuwwatly iýmit iýiň;

— günüň dowamynda sowuk ýerlerde bolmaga çalşyň we mümkin boldugyça günüň aşagynda ýa-da yssy ýerlerde durmakdan saklanyň;

— elektron ekranlaryň öňünde bolmaly wagtyňyzy gysgaldyň.

Lukman Al Taýeb şeýle hem düzüminde kofein bolan içimlikleri sarp etmekden mümkin boldukça gaça durmagy we dermanlary kadaly içmekligi, aýratyn hem, dowamly keselleri we ýokary gan basyşy bolan adamlara wagtynda derman içmekligiň zerurdygyny nygtaýar.

ORIENT habarlar

Foto: islamdag.ru

Şeýle hem okaň: