Iň täze habarlar

Näme üçin Orazada hurma iýmeli?

31.03.2023 | 00:23 |
 Näme üçin Orazada hurma iýmeli?

Musulmanlaryň mukaddes Oraza aýy dowam edýär. Agyz bekleýänlere bu döwürde hurmalary gündelik iýmite goşmak üçin hurma almak aýratyn möhümdir.

Hurmalar uzak ýaşaýan adamlaryň iýmiti hasaplanyp, aç garna iýilende bedene peýda getirip biler. Olary näme zat şeýle peýdaly edýär?

Hurma — diňe bir süýji miwe bolman, eýsem ýokumlaryň we peýdaly maddalaryň çeşmesidir. Bu miweler mis, demir, magniý, sink, marganes, kaliý, kalsiý we A, С, В1, В2, В6 ýaly ýokumlara baýdyr. Olaryň düzüminde 23 aminokislota bar, olar beýleki miweleriň köpüsinde ýokdur.

Iýmit hünärmenleriniň gürrüň bermegine göre, hurmalaryň düzümindäki antioksidantlar köp dowamly keselleriň - ýürek-damar ulgamynyň, düwnük, süýji keseliniň ösmek töwekgelçiligini peseltmäge kömek edýär. Palmanyň miweleri kislotalara baýdyr, olar çişmeleri azaldýarlar we ýürek üçin peýdalydyr.

Hurmalar şeýle hem süňkleriň sagdynlygyny berkidýär, gandaky şekeriň derejesine gözekçilik etmäge kömek edýär, dürli ýokanç kesellere garşy durnuklylygy ýokarlandyrýar.

Olar açlyk duýgusyny kemeldýär, bu bolsa iýmit özleşdiriş prosessini bozmazlyk üçin iýmiti aşa köp iýmekden saklanmaga kömek edýär. Her günde ýedi hurma iýýänleriň iýmit siňdiriş prosessleriniň ep-esli gowulanandygyny ylmy barlaglaryň biri görkezdi.

Hurmalar fruktoza – tebigy şekere baýdyr, ol adamy energiýa bilen üpjün edýär. Bu miweler gowy özleşýärler we agyz bekleýäniň aşgazan ulgamyny doly güýjünde işlemäge mejbur etmeýär.

Hurmalar gün dowamynda «hereketsiz duran»aşgazany esasy iýmiti kabul etmäge taýýarlaýar we iýmit siňdiriş şiresiniň bölünip çykmagyny işjeňleşdirýär. Hut şol sebäpli agyz açylanda suw bilen hurma iýilýär.

Hurmalardaky aşgar duzlary eti we uglewodlary köp mukdarda sarp etmek netijesinde emele gelen ganyň turşylygyny kadalaşdyrýar. Gadym döwürlerde araplaryň hurmany esasy iýmit hökmünde sarp edendiklerini belläp geçmelidiris.

Irden agyz beklänende üç sany hurma iýmek maslahat berilýär.

ORIENT

Foto: Shutterstock

Şeýle hem okaň: