Türkmenistanyň «Halkbank» PJB nähili karzlary berýär
13.03.2023 | 11:57 |Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky hemişe döwür bilen deň gadam basýar we iň döwrebap we ýokary hilli maliýe hyzmatlaryny hödürleýär.
Bankyň esasy maksatlarynyň biri – müşderilere maliýe meselelerini çözmekde we bütindünýä meýilnamalaryny ýerine ýetirmekde kömek etmekdir. Muňa «Halkbankyň» berýän dürli karzlary ýardam edýär, biz bu materialda şolar bilen tanyşdyrarys.
30 müň manada çenli möçberdäki sarp edijilik karzy. Ol 3 ýyllyk möhlet bilen sarp edijilik maksatlary üçin berilýär. Karzyň göterimi 12%.
Ol resmileşdirilende bank bir kepillendirjiniň bolmagyny soraýar. Karzy üzmek üçin karz alanyň we kepillendirjiniň aýlygyndan her aýda 50% tutulýar (ýa-da umumy maşgala girdejisinden 50%).
Sarp edijilik karzy - bu karzyň pul serişdeleri harytlary we hyzmatlary satyn almaga gönükdirilýär. Ony diňe şahsy zerurlyklaryň üçin harçlap bolýar. Karzyň bu görnüşiniň esasy artykmaçlygy resmileşdirmegiň ýönekeýligi we karz alyja bolan iň az talaplardyr.
«Halkbank» şeýle hem şol göterim bilen möçberi 50 müň manat bolan sarp edijilik karzyny hem berýär. Ol hem şol şertleriň esasynda berilýär, ýöne kepillendirijiniň ýerine girew talap edilýär.
«Owerdraft» karzy — ýylyna 12% bilen 6 aýlyk möhlete berilýän gysga möhletli sarp edijilik karzy.
Karzyň möçberi aýlyk hakynyň 50%-den köp bolmaly däldir. Karz alyjy şol möçberden az sarp edip biler, emma köp sarp etmeli däldir. «Owerdraft» boýunça bergi awtomatik usulda karz alyjynyň aýlygynyň hasabyna ödelýär.
«Owerdraft» — bu uzak wagtlap garaşan zadyny satyn almaga puly ýetmeýän ýa-da aýlygyny alýança uly bolmadyk möçberde pul serişdesi gerek bolanlar üçin gowy saýlawdyr. Şeýlelikde, bankyň müşderilerine öz isleglerini amala aşyrmagy ertire goýmak gerek bolmaýar.
Oba hojalygyny we maldarçylygy ösdürmek üçin kiçi möçberlerde, 30 müň manada çenli bolan karz bermek. Karzyň bu görnüşi telekeçilik üçin 3 ýyllyk möhlet bilen berilýär. Onuň göterimi 10% deňdir. Karz girew ýa-da kepillik bilen resmileşdirilýär.
Karzyň bu görnüşi ýaş kompaniýalary goldaýar. Alnan serişdeleri tehnika we oba hojalyk enjamlaryny satyn almaga, ekin meýdanlaryny giňeltmek arkaly telekeçiligi ulaltmaga, mallaryň baş sanyy artdyrmaga gönükdirmek we ş.m. bolýar.
«Halkbankdan» ýene-de bir hyzmat — 30 müň manada çenli möçberde haly satyn almak üçin karz. Ol 3 ýyla çenli möhlet bilen 30 müň manat möçberde berilýär. Karzyň göterimi 12%. Haly almak üçin karzy hem girew arkaly, hem kepillik arkaly alyp bolýar.
Talyplar üçin karz — ýörite orta we ýokary okuw jaýlarynda okuwa töleg geçirmek üçin karz. Ol 5% ýyllyk göterim bilen 5 ýyllyk möhlete berilýär.
Karzyň möçberi Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan we okaýandygyňy tassyklaýan resminamanyň esasynda kesgitlenýär.
Toý dabaralaryny geçirmek üçin karz.Möçberi 100 müň manada çenli bolan karzyň bu görnüşi 3 ýyl möhlet bilen alynýar. Onuň ýyllyk göterimi — 12%.
«Halkbank» şeýle hem ýaş çatynjalar üçin 20 müň manada çenli möçberde karz berýär.
Täze durmuş guranlar ony öýe gerekli goşlaryny satyn almak üçin sarp edip bilerler. Karz ýylyna 1% bilen 3 ýyllyk möhlet bilen berilýär. Karzy üzmek üçin her aýda karz alyjynyň ýa-da kepil geçijiniň aýlyk hakynyň 50% (ýa-da umumy maşgala girdejisinden 50%) tutulyp galynýar.