Türkmenistanda zähmet rugsatlarynyň görnüşleri we aýratynlyklary — doly syn
16.04.2023 | 16:16 |Türkmenistanyň her bir işleýän raýatynyň zähmet rugsadyna hukugy bardyr. Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda ýurtda zähmet rugsatlarynyň dört sany esasy görnüşi bardyr:
— her ýylda berilýän esasy zähmet rugsady,
— goşmaça tölegli zähmet rugsady,
— durmuş zähmet rugsady,
— aýlyk haky tölenmeýän zähmet rugsady.
ORIENT Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň esasynda ýurduň raýatlarynyň zähmet rugsady ýaly esasy islege bolan hukuklarynyň doly synyny getirýär.
Her ýylda berilýän esasy zähmet rugsady
Her ýylda berilýän esasy zähmet rugsady Türkmenistanyň zähmet çekýän ähli raýatlaryna kepillendirilýär. Zähmet rugsadyna çykýandygy barada işgär azyndan 15 gün öňünden habar bermelidir. Resmi taýdan işe ýerleşen wagtyndan başlap iş möhleti 11 aýdan az bolmadyk işgärleriň zähmet rugsadyny almaga hukugy bardyr.
Şu aşakdaky halatlarda işe ýerleşenine 11 aý bolmadyk işgärleriň zähmet rugsadyny almaga hukugy bardyr:
— göwreliligi sebäpli,
— maýyplygy sebäpli,
— öňki iş ýerinden işgärleriň sanynyň kemeldilmegi sebäpli ýa-da öňki iş berijiniň işiniň ýatyrylmagy sebäpli işinden çykarylan işgärler,
— başga iş ýerinden geçirilen işgärler,
— iki ýerde işleýän işgärler.
Her ýylda berilýän tölegli zähmet rugsadynyň möhleti ähli işleýän raýatlar üçin:
— 30 senenama güni — ýurduň ähli işgärleri üçin,
— 45 senenama güni — mugallymlar üçin, bilim edaralarynyň ýolbaşçylary, ylymlaryň doktory üçin,
— 36 senenama güni — ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi bolan ylmy işgärler üçin.
Hemme işgärleriň öz saýlan wagtynda zähmet rugsadyny almaga hukugy ýokdur. Kepillendirilen hukuga aşakdalylar eýedirler:
— 14 ýaşa çenli 2 ýa-da ondan köp çagasy bolan adamlar,
— 16 ýaşa çenli maýyp çagasy bolan zenanlar,
— 14 ýaşa çenli 1 ýa-da ondan köp çagasy bolan, ýa-da 16 ýaşa çenli maýyp çagasy bolan ýeke ýaşaýan ene ýa-da ata, ýa-da howandar,
— çagyryşdaky harby gullukçylaryň 1 çagaly aýallary,
— maýyplygy bolan adamlar,
— 3 ýaşa çenli çagany ogullyga/gyzlyga alan adamlar,
— radiasiýa heläkçiliginden ejir çeken adamlar.
Işgäriň razyçylygy bilen işgäriň zähmet rugsady yza süýşürilip bilner, ýöne 2 ýyldan köp möhlete däl. Zähmet rugsadynyň aşakdaky halatlarda geçirilip ýa-da uzaldylyp bilner:
— her ýylda berilýän zähmet rugsadynyň wagty okamak bilen bagly rugsat ýa-da goşmaça rugsat bilen gabat gelende,
— işgär döwlet borçlaryny ýerine ýetirýän bolsa, şol sanda saýlanylýan edaralarda işlän halatynda,
— her ýylda berilýän zähmet rugsadynyň wagty wagtlaýyn zähmete ukypsyz günlere gabat gelende.
Goşmaça zähmet rugsady
Goşmaça zähmet rugsadynyň möhleti:
— 7 gün — zyýanly zähmet şertlerinde işleýän işgärler, magdan däl materiallaryň gazylyp alynmagynda işledilýän tehnologiki ulagy işledýän işgärler, gyzgyn önümçilikde işleýän işgärler,
— 15 gün — aýratyn agyr zähmet şertlerinde işleýän işgärler üçin,
— 7 güne çenli — howa ulagyny dolandyrýanlar, dispetçer şahadatnamasy bolanlar,
— 15 güne çenli — uçuş we uçuş-synag düzüminiň işgärlerine,
— 10 gün — täze öýlenenleriň ene-atalaryna (olardan 5 gün nika baglaşylmanka we 5 gün – nikadan soňra),
— 10 gün — öleniň ýakyn garyndaşlaryna (ene-ata, çagalar, mamalar, babalar, iki tarapdanam, agtyklar, öz erkek we aýal dogany, gelini we giýewi),
— 3 gün — 62 ýaşan Türkmenistanyň raýatlaryna.
Goşmaça zähmet rugsadyny süýşürip bolmaýar. Goşmaça zähmet rugsady döwrüne düşýän iş däl günleri we baýram we ýatlama günleri onuň içine girmeýär we töleg tölenmeýär.
Durmuş zähmet rugsady
Göwrelilik we çaga dogurmak bilen baglanyşykly zähmet rugsady 112 günlük berilýär — 56 gün dogumdan öňürti we şonça-da— dogumdan soň. Şeýle hem çaga doglan gününden başlap 3 ýyla çenli möhlet beilen çaga seretmek üçin zähmet rugsady berilýär. Oňa:
— töleg tölenmeýär,
— böleklere bölüp we geçirip bolmaýar,
— eger-de hakykatdan-da çaga kakasy seredýän bolsa, ol zähmet rugsadyny kaka alyp bilýär,
— howandara berilýär,
— işgär iş berijä 2 hepdeden az bolmadyk wagt öňünden duýduranda, wagtyndan öň bes edilip bilner,
— degişli töleg pulunyň alynmagyny kepillendirýär.
Durmuş taýdan zähmet rugsadyna çykmak hukugyna ýokary okuw mekdepleriniň agşamky we gaýybana okuwynda okap, zähmet çekýänler:
— 20 günlük — her zaçot-synag sessiýasy wagtynda,
— 30 günlük — döwlet attestasiýasyny, döwlet synaglaryny tabşyranda,
— 30 günlük — ýokary okuw mekdebiniň maslahaty boýunça diplom taslamasyny taýýarlamak üçin aýlyk haky saklanmazdan.
Orta hünär mekdeplerinde okaýan işgärler üçin:
— 20 gün — okamagyň gaýybana görnüşinde sessiýa döwründe,
— 14 günlük — okamagyň agşamky görnüşinde sessiýa döwründe,
— 30 gün — döwlet synaglaryny tabşyrýan döwründe,
Ortaça aýlyk hakyny saklamak bilen döredijilik zähmet rugsady aşakdakylara berilýär:
— 3 aýlyk — kandidatlyk dissertasiýasyny tamamlamak üçin, okuw kitaplaryny, okuw-usulyýet gollanmalaryny ýazmak üçin,
— 6 aýlyk — doktorlyk dissertasiýasyny tamamlamak üçin.
Aýlyk haky tölenmeýän zähmet rugsady
Şunuň ýaly zähmet rugsady işgäriň öz islegi boýunça berilýär:
— ýylda 1 gezek 10 günlük — esasly sebäp bolanda,
— 10 günden köp — tölegli her ýylda berilýän zähmet rugsadynyň hasabyna.
Tölenmeýän zähmet rugsadynyň iň ýokary dowamlylygy aşakdakylar ýalydyr:
— 14 gün — 14 ýaşa çenli çaganyň ýeke enesi ýa-da atasy ýa-da howandary,
— 30 gün — maýyplygy bolan adamlara,
— 15 gün — ýokary okuw mekdebine giriş synaglaryna goýberilýäne,
— 10 gün — orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryna goýberilýäne,
— lukmançylyk edarasy tarapyndan kesgitlenen möhlet bilen — garyndaşyna maşgalanyň hassa agzasyna seretmek üçin,
— 30 gün — işleýän pensionere,
— 30 gün — işdäki durma bilen baglanyşykly zähmet rugsady.
Kanunçylyk zähmet rugsadyndaky işgäri işinden çykarmagy gadagan edýär. Işgäri diňe onuň ýazmaça razyçylygy bilen zähmet rugsadyndan çagyryp bolýar, onuň ulanmadyk günleri bolsa onuň islegine görä başga senelere geçirilýär.
Işgäriň islegi boýunça ol işden çykarylanda zähmet rugsady berlip bilner ýa-da onuň ulanmadyk zähmet rugsadynyň öweziniň doldurylmagyny talap etmäge hukugy bardyr.
ORIENT