Habarlar

Türkmenistan we ABŞ bilim ulgamy babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler
30.01.2025
|09:44
|373
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ministriniň ABŞ-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistan we Monako diplomatiýa, medeniýet we ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
30.01.2025
|09:25
|188
29-njy ýanwarda Monako Knýazlygyň hökümet binasynda Fransiýadaky Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Çaryýew bilen Monakonyň Daşary aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk ministrliginiň Diplomatik we konsullyk gatnaşyklar departamentiniň direktory Mari-Katrin Karuzo-Raweranyň duşuşygy geçirildi.

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “BND 60/90” kysymly ýol bitumy we buýan köküniň gury ekstrakty satyn alyndy
30.01.2025
|09:00
|263
29-njy ýanwarda, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde nebit-himiýa we oba hojalyk önümleri ýerlenildi.

Lebapda tokaýlary we ýerleri dikeltmek çäreler geçirildi
29.01.2025
|23:50
|211
Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (MASEM) Türkmenistandaky taslama edarasynyň direktory Mergen Kepbanowa, bilermenler topary we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri bilen bilelikde, Çärjew etrabynyň tokaý hojalygynyň synag meýdançasynda bag ekmek maksady bilen Lebap welaýatyna bäş günlük iş saparyny amala aşyrdylar

Yslamabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Konsepsiýasyna bagyşlanan brifing geçirildi
29.01.2025
|22:05
|189
Türkmenistanyň Päkistantandaky Ilçihanasynda ýerli KHBS-niň wekilleri üçin Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna bagyşlanan brifing geçirildi

ÝUNESKO we Bütindünýä meteorologiýa guramasy buzluklary gorap saklamagyň Halkara ýylynyň başlandygyny mälim etdiler
29.01.2025
|21:15
|205
Bütindünýä meteorologiýa guramasy (BMG) 2024-nji ýylyň taryhda iň yssy ýyl bolandygyny tassyklady we buzluklaryň eremeginiň howanyň ýagdaýyna edýän täsirine alada bildirdi. Howanyň üýtgemegi boýunça Hökümetara bilermenler toparynyň çaklamalaryna görä, XXI asyrda dünýäniň ähli sebitlerinde buzluklaryň azalmagy dowam eder

Chevron Gazagystandaky nebit önümçiligini giňeldýär
29.01.2025
|20:50
|164
Chevron korporasiýasy, onuň 50% golçur kärhanasy Tengizchevroil LLP-niň Gazagystanyň Tengiz nebit ýatagynda geljekki giňeltmek Taslamasy çäklerinde nebit önümçiligine başlandygyny habar berdi. Kompaniýanyň metbugat beýanatyna görä, bu taslama kuwwatlylygyň doly ulanylmagy bilen nebit önümçiligini günde 260 müň barrel artdyrmaga gönükdirilendir

"Mona Liza" Luwr muzeýinde aýratyn otaga eýe bolar
29.01.2025
|19:40
|212
Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, dünýä suratkeşliginiň iň meşhur eserleriniň biri bolan, italýan Galkynyş eýýamynyň ussady Leonardo da Winçiniň meşhur işi, Luwrdaky beýleki ekspozisiýalardan aýratynlykda ýerleşdirilip, aýratyn girelgesi bolan aýratyn zalda görkeziljekdigini habar berdi. Bu otaga girmek üçin aýratyn petek hem göz öňünde tutulandyr

Mejbury gonma: ýolagçy lukmanlar Grenlandiýanyň asmanynda çaga dünýä inmegine kömek etdiler
29.01.2025
|17:10
|270
«Uzbekistan Airways» kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, Daşkent (TAS) — Nýu-Ýork (JFK) ugry boýunça uçuş wagtynda ýolagçylaryň biri çaga dogurmaga başlady. Bu adatdan daşary ýagdaýy göz öňünde tutup, ekipaž habar beriş ulgamy arkaly uçardaky ýolagçylara ýüzlenýär we lukmanlaryň kömege gelmegini haýyş edýär. Şol pursatda uçarda bolan akuşer-lukman we hirurg göwreli zenana kömek edip, oglanjygyň dünýä inmegine kömek edýärler

Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanýar: «Türkmenfilm» täze çeper filmi surata düşürip başlady
29.01.2025
|17:00
|320
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan doly göwrümli çeper filmiň düşürilişi başlandy. “Gyz kasamy” atly kinolentanyň režissýory Sahysalyh Baýramow bolup, filmiň ssenariýasynyň awtorlary Akmyrat Rejepow we Bazarkul Şalyýewdir. Kinonyň döremegine Şalyýewiň adybir ýazylan poemasy ylham berdi