Habarlar

Chevron Gazagystandaky nebit önümçiligini giňeldýär
29.01.2025
|20:50
|164
Chevron korporasiýasy, onuň 50% golçur kärhanasy Tengizchevroil LLP-niň Gazagystanyň Tengiz nebit ýatagynda geljekki giňeltmek Taslamasy çäklerinde nebit önümçiligine başlandygyny habar berdi. Kompaniýanyň metbugat beýanatyna görä, bu taslama kuwwatlylygyň doly ulanylmagy bilen nebit önümçiligini günde 260 müň barrel artdyrmaga gönükdirilendir

"Mona Liza" Luwr muzeýinde aýratyn otaga eýe bolar
29.01.2025
|19:40
|212
Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, dünýä suratkeşliginiň iň meşhur eserleriniň biri bolan, italýan Galkynyş eýýamynyň ussady Leonardo da Winçiniň meşhur işi, Luwrdaky beýleki ekspozisiýalardan aýratynlykda ýerleşdirilip, aýratyn girelgesi bolan aýratyn zalda görkeziljekdigini habar berdi. Bu otaga girmek üçin aýratyn petek hem göz öňünde tutulandyr

Mejbury gonma: ýolagçy lukmanlar Grenlandiýanyň asmanynda çaga dünýä inmegine kömek etdiler
29.01.2025
|17:10
|270
«Uzbekistan Airways» kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, Daşkent (TAS) — Nýu-Ýork (JFK) ugry boýunça uçuş wagtynda ýolagçylaryň biri çaga dogurmaga başlady. Bu adatdan daşary ýagdaýy göz öňünde tutup, ekipaž habar beriş ulgamy arkaly uçardaky ýolagçylara ýüzlenýär we lukmanlaryň kömege gelmegini haýyş edýär. Şol pursatda uçarda bolan akuşer-lukman we hirurg göwreli zenana kömek edip, oglanjygyň dünýä inmegine kömek edýärler

Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanýar: «Türkmenfilm» täze çeper filmi surata düşürip başlady
29.01.2025
|17:00
|320
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan doly göwrümli çeper filmiň düşürilişi başlandy. “Gyz kasamy” atly kinolentanyň režissýory Sahysalyh Baýramow bolup, filmiň ssenariýasynyň awtorlary Akmyrat Rejepow we Bazarkul Şalyýewdir. Kinonyň döremegine Şalyýewiň adybir ýazylan poemasy ylham berdi

Coca-Cola düzümine hloratyň düşüp bilen içgilerini yzyna gaýtaryp alýar
29.01.2025
|16:25
|282
Coca-Cola kompaniýasy Ýewropanyň bazarlaryndan düzüminde hloratyň ýokary görkezijileri bar bolan içgilerini dolulygyna yzyna gaýtaryp alýar. Hlorat – himiki önümi bolup, onuň köp mukdarda bolmagy galkan görnüşli mäzlere ýaramaz täsir edip bilýär.

Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýolbaşçysynyň diplomatlar bilen geçiren duşuşygynda çykyş etdi
29.01.2025
|15:55
|281
28-nji ýanwarda BMG-niň Ženewadaky edarasynda diplomatik gullugynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky edarasy hem-de hyzmatdaşlar salgyt düzgünleşdirmeleri we BSG düzgünleri boýunça webinar geçirdi
29.01.2025
|15:50
|237
BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky edarasy “DÖM durmuşa geçirmek üçin platforma, III döwür” atly Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde “Salgyt düzgünleşdirmeleri we Bütindünýä söwda guramasynyň düzgünleri: töwekgelçilikleri azaltmak üçin amaly maslahatlar” atly mowzuk bilen webinar geçirdi.

Hytaýyň Yangwang U9 elektrik giperkar awtoulagy päsgelçiliklerden böküp geçmek başarnygyny görkezdi
29.01.2025
|15:15
|298
Hytaýyň BYD awtoulag kompaniýasy elektrik Yangwang U9 giperkar modelini hödürledi. Bu ulag, aktiw asma şaý-seplerine sebäpli, ýoldaky ownuk päsgelçilikleriň, hususan-da, ýollardaky çukurlaryň üstünden böküp geçmek ukybyna eýedir.

Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hukuk meseleler boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler
29.01.2025
|15:10
|304
2025-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň işgärleri we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalary tarapyndan hukuk meseleler boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler.

Brýusselde “Türkmenistanyň genji-hazynasy” atly medeni agşam geçirildi
29.01.2025
|15:07
|293
Brýusselde ýerleşýän Türkmenistanyň Ilçihanasynda “Türkmenistanyň genji-hazynasy” atly medeni agşam geçirildi. Bu çäre "Civilisations: Winter Edition" atly sungat ýarmarkasynyň çäginde guralan türkmen sungaty sergisiniň mynasyp dowamy boldy