Habarlar

Türkmenistan we Astrahan bilelikdäki ulag we logistika taslamalaryny tizleşdirýär
30.09.2025
|02:45
|157
Türkmenistan we Astrahan oblasty (RF) gepleşiklerden amaly tapgyra geçip, Demirgazyk-Günorta ulag geçelegeiniň çäginde möhüm bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini tizleşdirýär

Barselona. ÝUNESKO. Medeniýet. Türkmenistan ählumumy gün tertibini taýýarlamaga gatnaşýar
30.09.2025
|00:35
|343
Türkmenistan 29-njy sentýabr – 1-nji oktýabr aralygynda Barselona şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Medeni syýasat we durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahatyna (MONDIACULT-2025) işjeň gatnaşýar

Diplomatik neşir | Türkmenistanyň ilçihanalarynyň halkara çäreleri
30.09.2025
|00:05
|166
Türkmenistanyň durmuşynda möhüm seneleri we möhüm wakalary baýram etmegiň çäginde ýurduň dünýädäki Ilçihanalary halkara dialog üçin ygtybarly meýdança hökmünde hemişelik Bitaraplygyk derejesini tassyklap, işjeň işlerini dowam etdirýärler

Türkmenistan 2026-njy ýylda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini kabul eder
29.09.2025
|23:45
|330
29-njy sentýabrda, Minskde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistandan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow wekilçilik etdi

Global Gas Center OGT-2025 maslahatyna hyzmatdaşlyk üçin möhüm platforma hökmünde garaýar
29.09.2025
|23:15
|732
Global Gas Center (GGC) Merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro 22–24-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly 30-njy Halkara maslahatynyň we sergisiniň (OGT-2025) derejesine ýokary baha berdi

Belgiýanyň paýtagtyndaky COMET halkara meýdançasynda «Türkmen burçy» açyldy
29.09.2025
|23:00
|207
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilýän dabaralaryň çäginde, Belgiýanyň paýtagtyndaky meşhur COMET merkezinde «Türkmen burçy» atly täze medeni ekspozisiýanyň dabaraly açylyşy boldy. Bu taslama BinyamProject-iň gatnaşmagynda durmuşa geçirildi we Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasynda medeni diplomatiýany güýçlendirmek ugrunda täze ädim boldy

Brýusselde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen medeni agşam Ýewropa bilen Aziýany birleşdirdi
29.09.2025
|21:35
|198
Ýewropanyň diplomatik paýtagtynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli joşgunly medeni agşam geçirildi

Ýaşlar baradaky syýasat we Halk Maslahatynyň çözgütleri: Ý.Kakaýew adyndaky HNweGU-de pikir alyşmalar geçirildi
29.09.2025
|17:00
|159
23-nji sentýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 19-njy sentýabrda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy we jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetine bagyşlanan iki möhüm çäre geçirildi

Türkmenistanly Nikita Starow “KinesteX AI” startapyny ösdürmek üçin $150 000 maýa çekdi
29.09.2025
|16:00
|167
Ýaş telekeçi we innowator Nikita Starow — Türkmenistanyň raýaty we “KinesteX AI” startapynyň esaslandyryjylarynyň biri — üstünlikli ýagdaýda 150 000 ABŞ dollary möçberinde maýa çekdi

Oktýabr aýynda Türkmenistanyň we Russiýanyň hökümetara toparynyň mejlisi geçiriler
29.09.2025
|13:45
|237
Türkmenistanyň we Russiýanyň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň mejlisi oktýabr aýynyň ortalarynda Aşgabatda geçiriler, diýip Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin habar berdi.