Sanly transformasiýa we işgärleriň ösüşi: UNIDO-nyň Türkmenistana teklipleri
28.09.2025 | 14:46 |Ýakynda Türkmenistanda giň gerimli halkara Maýa goýum forumy (TIF-2025) geçirildi. Oňa köp sanly daşary ýurtly işewürler, bilermenler, alymlar, hünärmenler we beýlekiler gatnaşdy. Olaryň arasynda BMG-niň Senagat ösüşi guramasynyň (UNIDO) Sanly transformasiýa we emeli aň boýunça birleşdirilen eksperti Milena Rud hem bardy.
ORIENT saýtynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde ol Türkmenistanda durnukly ösüş tehnologiýalarynyň we emeli aňyň ornaşdyrylmagy boýunça başlangyçlar barada gürrüň berdi. Bilermen aýratyn ünsüni zyňyndylary dolandyrmak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak we senagat sanlylaşdyrylyşy boýunça amaly çözgütlere gönükdirdi.
Zyňyndydan energiýa, suwdan serişdeleriň akylly peýdalanylyşyna
Milena Rud we onuň topary Türkmenistana birnäçe anyk teklipleri hödürledi: zyňyndylary gaýtadan işlemek merkezlerini döretmek, zyňyndylary energiýa öwürmek, suw serişdelerini emeli aň arkaly optimizasiýa etmek we suw arassalaýyş tehnologiýalaryny ulanmak.
Şol bir wagtda, hünärmenler ilatyň gatnaşmagynyň üstünlik üçin esasy faktor bolup durýandygyny belläp geçdiler. Ilata düşündiriş işlerini alyp barmak we olary durnukly ösüşiň häzirki zaman usullary barada bilim bermek uzak möhletli üýtgeşmeleriň binýadyny döredýär.
Ýurt ösüşi üçin sanly tehnologiýalar we emeli aň
UNIDO-nyň bilermeni emeli aňyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdi: uly maglumatlaryň seljerilmegi, serişdeleriň netijeli ulanylyşy, strategik derejede çözgütleriň kabul edilmegine goldaw bermek.
Aýratyn üns adam faktoryna berilýär: işgärleri taýýarlamak, tejribäni geçirmek we sanly tehnologiýalar bilen işlemek boýunça başarnyklary ösdürmek sanly transformasiýanyň guruljak binýadydyr.
Işgärleriň taýýarlygy we iş orunlary bilen üpjün edilmegi
Milena Rud UNIDO-nyň Türkmenistana diňe tehnologiýalary ornaşdyrmagy däl, eýsem kämil hünärmenler bilen üpjünçiligi hem teklip edýändigini belledi. Sebäbi köp hünärler bölekleýin ýa-da dolulygyna emeli aň bilen çalşyrylýar.
Esasy üns hünärmenleriň taýýarlygyna, tejribäniň geçirilmrgine we başarnyklaryň ösdürilmegine gönükdirilýär. Munuň özi sanly transformasiýada adam mümkinçilikleriniň möhüm element bolup galmagyny üpjün edýär.
Ýaşlar, zenanlar we ejiz toparlar — UNIDO-nyň ileri tutýan ugrulary
Guramanyň ileri tutýan toparlary ýaşlar, zenanlar we durmuş taýdan ejiz jemgyýetlerdir. Okuwlar we bilim maksatnamalary sebitlerde-de, şeýle hem hususy telekeçiler we kiçi işewürler üçin geçirilýär. Bu olaryň bilim we tehnologiýalara elýeterliligini üpjün edýär.
UNIDO ýaşlary sanly transformasiýanyň binýady hasaplaýar. Türkmenistanda ýaş ilatyň köpçülikleýin we dinamiki görnüşde bolmagy bu ugurda aýratyn mümkinçilik döredýär.
UNIDO tarapyndan hödürlenýän okuw platformasy
Milena Rud jemgyýet üçin döredilen platforma barada gürrüň berdi: döwlet edaralary, hususy pudak we tehnologiýa kompaniýalary tejribe alyşyp bilerler, öwrenip bilerler we iň gowy tejribeleri peýdalanyp bilerler.
UNIDO tarapyndan berlen salgy arkaly hasaba durup, bilim binýadyna, okuw çärelerine we emeli aň bilen sanly tehnologiýalaryň dürli pudaklara ornaşdyrylmagy boýunça çeşmelere elýeterlik gazanyp bilersiňiz.
Geljekki mümkinçilikler we hyzmatdaşlyga taýýarlyk
BMG-niň Senagat ösüşi guramasynyň sanly özgertme we emeli aň boýunça eksperti Türkmenistanda innowasiýalaryň we sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Gurama ministrlikler we resmi haýyşlar arkaly işleýär, degişli kömek, strategik tejribe berýär we okuw başlangyçlaryny ornaşdyrýar.
UNIDO-nyň esasy maksady berlen tejribäniň ýurtda galmagyny, bir pudakdan beýlekisine geçmegini we emeli aň hem-de sanly tehnologiýalary netijeli ulanyp biljek kämil işgärleriň kemala gelmegini üpjün etmekdir.
Forumdan täsirler
Milena Ruduň bellemegine görä, Türkmenistanda bolmagy onuň üçin diňe bir ýakymly däl, eýsem örän maglumatly tejribe boldy. Forum ikitaraplaýyn aragatnaşygy gazanmaga, ýurduň häzirki zerurlyklaryny seljermäge we hakykatdan hem ykdysadyýet hem-de jemgyýet üçin peýdaly çözgütleri teklip etmäge mümkinçilik berdi.
BMG-niň Senagat ösüşi guramasy hyzmatdaşlyga açyk bolup, kömegiň senagat ösüşine we jemgyýetiň zerurlyklaryna laýyklykda, salgylaýyn ýagdaýda berilmegini maksat edinýär.
…Sanly transformasiýa, emeli aň, durnukly serişdeleri dolandyrmak we ýaşlaryň bilim almagy bu diňe bir sözler däl. Bu hakykatdan hem Türkmenistany üýtgetmäge, ýaş hünärmenlere üstünlik gazanmak üçin gurallary bermäge we jemgyýete gündelik durmuş üçin netijeli çözgütleri üpjün etmäge mümkinçilikdir.
BMG-niň Senagat ösüşi guramasynyň başlangyçlarynyň netijesinde Türkmenistan tehnologiýalary, ekologiýany we adam mümkinçiliklerini utgaşdyrmagyň nusgasy bolup biler.
Enejan KEPBANOWA