Ylym Bilim

Türkmenistanly we daşary ýurtly mugallymlar halkara okuw-usuly maslahatyna gatnaşmaga çagyrylýar
03.02.2025
|09:25
|816
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny “Dil – hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi” atly halkara okuw-usuly maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar. Seminar 2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklar institutynda onlaýn utgaşykly görnüşinde geçiriler.

Türkmenistanda halkara olimpiadalar geçiriler
01.02.2025
|10:15
|443
2025-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar we okuw-usuly maslahatlar geçiriler. Bu çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa hasabat berdi.

Türkmenistanly mugallym Beýik Britaniýa iş saparyny amala aşyrdy
30.01.2025
|10:15
|473
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň iňlis dili mugallymy Çemen Wekilowa Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň wekilleri bilen bilelikde Beýik Britaniýanyň Norij şäherine baryp gördi.

Türkmenistan we ABŞ bilim ulgamy babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler
30.01.2025
|09:44
|615
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ministriniň ABŞ-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşygy geçirildi.

Mekdep okuwçylarynyň arasynda “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly 3-nji integrirlenen olimpiada geçiriler
29.01.2025
|13:05
|799
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9-10-11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri hem-de zehin soraglary boýunça 3-nji integrirlenen olimpiada guraýar. Olimpiada etrap, welaýat we döwlet derejesinde 3 tapgyrda geçiriler.

Daşkentde Türki döwletleriň halkara uniwersiteti açylar
29.01.2025
|09:40
|706
Daşkentde sebitiň bilim infrastrukturasynyň ösmeginde möhüm ädim boljak Türki döwletleriň halkara uniwersiteti açylar.

XII synp üçin «Fransuz dili» okuw kitaby neşir edildi
28.01.2025
|14:15
|544
Bu okuw kitaby okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylyp, “Meniň maşgalam”, “Meniň gündelik durmuşym”, “Men we jemgyýet”, “Meniň Watanym”, “Men we tebigat”, “Men we medeniýet”, “Syýahat” ýaly bölümleri öz içine alýar.

Türkmenistan hem-de VSO bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar
28.01.2025
|13:15
|681
2025-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Volunteer Services Overseas (VSO) Halkara guramasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan bilim ministriniň orunbasary jenap Azat Ataýew we halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň müdiri hanym Gülnabat Gurdowa gatnaşdy.

Türkmenistanyň mugallymy Hindistanda hünär kämilleşdiriş okuwlara gatnaşdy
28.01.2025
|10:10
|331
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy Mekan Toýjanow “Mikrotorlar we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” mowzuk boýunça hünär kämilleşdiriş okuwyna gatnaşdy.

Hytaýda “emeli Gün” ýakyldy
25.01.2025
|15:45
|530
2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Hytaýyň EAST atly synag termiki ýadro reaktory elektron plazmasyny saklamak boýunça täze rekord goýdy. Täsir 1066 sekuntlap dowam etdi, bu bolsa ozalky rekorddan üç esse diýen ýaly köp. Plazmanyň temperaturasy şol wagt 100 million °C töweregi boldy, bu Gün ýadrosynyň temperaturasyndan alty esse ýokarydyr. Reaktor ýakynda döwrebaplaşdyrylyp, täze rekordlara taýýar edildi.