Bilim ulgamynda gazanylan netijeler we täze okuw ýylynyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
25.08.2025 | 12:15 |23-nji awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary bilen ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Maslahat başlanmazdan öňürti, oňa gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar hem-de bu ýerde guralan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler. Sergi Türkmenistanyň bilim ulgamynda gazanylan üstünliklere bagyşlanyp, ýurdumyzda bu ulgamy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezdi.
Maslahatda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýolbaşçylaryna we dürli derejeli wekillerine çykyş etmekleri üçin söz berildi. Çykyşlarda “Ýokary okuw mekdeplerinde ylym – bilim – önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmek, ylmy täjirleşdirmek hem-de olary ilerletmegiň ýollary”, “Bilim ulgamynda ilkinji gezek döredilen döwlete dahylsyz ýokary okuw mekdebiniň öňünde durýan möhüm wezipeler”, “Emeli aňy bilim ulgamynda peýdalanmagyň meseleleri, bu ugurda gazanylan oňyn tejribeler”, “Başlangyç synp mugallymlary we terbiýeçileri taýýarlamakda milli tejribäniň orny” hem-de birnäçe beýleki temalar dogrusynda gürrüň edildi.
2024-2025-nji okuw ýylynda çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy tejribelere hem-de halkara ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirilip, bilimiň üznüksizligi we onuň ähli derejeleriniň yzygiderliligi üpjün edildi.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň psihologiýa, pedagogika we okatmagyň usulyýeti babatdaky hünär derejelerini dünýä tejribesine laýyklykda ýokarlandyrmak boýunça halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirildi. Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek baradaky meseleler hem maslahatda esasy üns berlen ugur boldy.
Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek barada alnyp barlan işler dogrusynda hem durlup geçildi. Dowam eden çykyşlarda geçen okuw ýylynda ýaşlary hünäre ugrukdyryş işleriniň meýilnamalaýyn esasda alnyp barlandygy nygtaldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli ýokary okuw mekdepleri tarapyndan ýokary synp okuwçylarynyň arasynda informatika, matematika, fizika, himiýa, biologiýa, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, türkmen, iňlis, rus, fransuz, nemes dilleri, jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanyň taryhy, beden taýýarlygy we sport görnüşleri dersleri boýunça ders bäsleşikleri guramaçylykly geçirildi.
Bilim işgärleriniň maslahatynyň dowamynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde bilimiň we ylmyň özara baglanyşygyny berkitmek, tejribeli professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyp ýaşlaryň ylmy-döredijiligini işjeňleşdirmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barlandygy hem nygtaldy.
Geçen okuw ýylynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ylmy taýdan esaslandyrylan teklipleri önümçilige hödürleýän «IT ylmy-tehniki merkezi» hem-de Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Innowasiýa ylmy-okuw we önümçilik merkezi» döredildi. Milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan toplumlaýyn özgertmeleriň wajyp ugry hökmünde sanly bilimi ösdürmek ugrundaky işler dowam etdirildi.
Bilim özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmakda döredijilikli zähmet çekýän, hünärine ussat bilim işgärlerini hem-de nusgalyk işler ýola goýlan göreldeli bilim edaralaryny ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen, dürli ugurlara degişli bäsleşikleriň guramaçylykly geçirilendigi barada hem bellenilip geçildi. Maslahatyň gün tertibinde täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeler barada hem gürrüň edildi.
ORIENT news