Hytaý: Geçen hepdäniň syýasy, ykdysady we tehnologiýa ugurlaryndaky möhüm wakalary
23.08.2025 | 18:30 |Geçen hepde (16 – 22-nji awgust) Hytaýyň üns merkezi birnäçe möhüm ugurlara gönükdirildi: Siszýan Awtonom sebitiniň döredilmeginiň 60 ýyllygynyň baýramçylygyna, harby ýörişiň taýýarlyklaryna, diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky öňegidişliklere. Bu wakalar ýurduň ösüşindäki, halkara syýasatyndaky we tehnologiýa öňe gidişligindäki ileri tutýan ugurlaryny görkezýär.
Si Szinpiniň Siszýan sapary
HHR-niň Başlygy Si Szinpin 20–21-nji awgust aralygynda merkezi hökümetiň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Siszýan awtonom sebitiniň döredilmeginiň 60 ýyllygynyň baýramçylygyna gatnaşdy. Ol döwrebap sosialistik sebiti döretmek üçin tagallalaryň edilmelidigini, bu sebitde bitewüligiň, gülläp ösüşiň, medeniýetliligiň, sazlaşygyň we gözelligiň bolmalydygyny nygtady. Şeýle hem durnuklylygy üpjün etmegiň, ösüşe ýardam etmegiň, daşky gurşawy goramagyň we serhetleri berkitmegiň ähmiýetine ünsi çekdi.
Harby ýörişiň taýýarlygy
Hytaýda Ýaponiýanyň basybalyjylygyna we faşizme garşy Gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan ýörişiň ikinji taýýarlygy geçirildi. HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Maglumat býurosynyň habaryna görä, Başlyk Si Szinpin ýörişiň dowamynda goşunlaryň taýýarlygyny barlar. Resmi işgärleriň belleýşi ýaly, bu çäre Hytaýyň parahatçylygy goldaýandygyny we halkara adalatlylygyny berk gorajakdygyny görkezmek üçin geçirilýär.
Wan Iniň diplomatik saparlary
Hytaýyň daşary syýasat boýunça esasy diplomaty, daşary işler ministri Wan I Hindistana, Pakistana we Owganystana möhüm saparlary amala aşyrdy. Onuň Hindistana sapary soňky üç ýylyň dowamynda ilkinji bolup, gatnaşyklary dikeltmäge tarap ädim hökmünde kabul edildi. Duşuşyklaryň dowamynda taraplar, şol sanda hytaý-hindi serhedi bilen baglanyşykly meseleler boýunça ylalaşyk gazandylar. Pakistanda we Owganystanda strategik hyzmatdaşlygy berkitmek we terrorçylyk güýçlerine garşy bilelikde göreşmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daşary ýurt maýa goýumlarynyň artmagy
Hytaýyň söwda ministriniň orunbasary Lin Szi Guançžouda daşary ýurt kompaniýalarynyň 30-dan gowragynyň, şol sanda ExxonMobil, IBM we Siemens ýaly kärhanalaryň wekilleri bilen duşuşdy. Ol Hytaýyň daşary ýurt kärhanalarynyň ornuny has-da pugtalandyrmagyna we olaryň ylmy-barlag hem-de işläp taýýarlamalar ugrunda işini giňeltmegine umyt bildirýändigini nygtady.
Gumanoid robotlaryň ilkinji oýunlary
Pekinde dünýäniň ilkinji gumanoid robotlaryň oýunlary geçirildi. 14–17-nji awgust aralygyndaky bu ýaryşa 16 ýurtdan 280 topara wekilçilik edýän 500-den gowrak robot gatnaşdy. Ýaryşlara dünýäniň ilkinji gumanoid robotlaryň 100 metr aralyganda ylgamak boýunça ýaryşy hem-de doly awtonom 5-e garşy 5 futbol oýny girizildi. Çäräniň maksady bu ugurda tehnologiýa taýdan öňegidişligi höweslendirmekdir.
ORIENT