Hyzmatdaşlarymyzyň habarlary

Hytaýda geçen ýylyň netijelerine we täze ýylyň maksatnamalaryna giňişleýin serediler
04.03.2025
|13:51
|620
2025-nji ýylyň 5-nji martynda 14-nji Milli Halk ýygnagy Pekinde üçünji ýyllyk mejlisini açar. Ýyllyk sessiýanyň teklip edilýän gün tertibi hökümetiň iş hasabatyny gözden geçirmegi we 2024-nji ýyldaky milli ykdysady we durmuş ösüşi boýunça ýyllyk meýilnamanyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabaty we 2025-nji ýylda milli ykdysady we durmuş ösüş meýilnamasynyň taslamasyny gözden geçirmegi öz içine alýar

Hytaýyñ DIM-iñ ýolbaşçysyna ýurduñ daşary syýasaty barada sowalyñyzy berip bilersiñiz
21.02.2025
|11:56
|345
Martda geçiriljek Halk wekilleriniñ 14-nji çagyryşyñ ählihytaý ýygnagynyñ üçünji sessiýasynda Hytaýyñ daşary işler ministri Wan I hytaý we daşary ýurt metbugatynyñ wekilleri bilen duşuşyp, Hytaýyñ daşary syýasaty baradaky soraglara jogap berer.

Hytaý Aziýadaky iň çuň dik guýynyň buraw işlerini tamamlady
21.02.2025
|10:27
|422
Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) Aziýadaky iň çuň dik guýynyň buraw işlerini tamamlady. Onuň çuňlugy 10 910 m ýetdi. Bu barada Sinhua agentligi habar berýär.

Hytaýyň Szýansu welaýatyndan Merkezi Aziýa ýük otlularyň sany artdyryldy
20.02.2025
|15:30
|337
2025-nji ýylyň ýanwar aýyynda Gündogar Hytaýyň Szýansu welaýatynyň üsti bilen Merkezi Aziýa ugraýan 96 sany ýük otlular geçdi. Bu bolsa geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 38,7 % köpdür. Bu barada ýokarda agzalan welaýatyň Ulag müdirligine salgylanyp, Sinhua agentligi habar berýär.

Pekinde Bahar baýramy we Çyrajyklar baýramçylygy mynasybetli ŞHG-niñ medeni agşamy geçirildi
15.02.2025
|11:00
|185
2025-nji ýylyñ 14-nji fewralynda Pekinde Bahar baýramy we Çyrajyklar baýramçylygy mynasybetli Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyñ (ŞHG) medeni agşamy geçirildi. Bu çäre ŞHG-niñ diplomatlaryny, olaryñ maşgalalaryny, şeýle-de ŞHG Sekretariatynyñ hem-de ŞHG-niñ Hoşniýetli goñşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk baradaky Hytaý komitetiniñ işgärlerini ýygnady.

Belarusyň hökümeti işden gitdi
03.02.2025
|15:17
|597
2025-nji ýylyň 3-nji fewralynda Belarusyň Hökümeti işden gitdi diýip, BELTA habar berýär.

Hytaýda ilkinji gezek nebitiň we gazyň gazyp alnan möçberi 400 mln tonnadan geçdi
30.01.2025
|13:15
|471
2024-nji ýylda Hytaýda nebitiň we gazyň gazyp alnan möçberi ilkinji gezek 400 mln tonna nebit görkezijisinden geçdi, bu hem ýurt üçin gazanylan möhüm üstünlik boldy. Bu barada HHR-iň Energetika işleri boýunça Döwlet müdirligine salgylanyp, Sinhua agentligi habar berýär.

Hytaý daşary ýurtly žurnalistleri “Iki sessiýany” şöhlelendirmäge çagyrýar
27.01.2025
|12:32
|440
Hytaý öz ýurdunyň, hem daşary ýurtly žurnalistleri 2025-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek Ählihytaý halk wekiller ýygnagynyň (ÄHWÝ) hem-de Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň (HSKG ÄK) sessiýalaryny şöhlelendirmäge çagyrýar. Bu barada Sinhua agentligi habar berýär.

Ekzitpol netijelerine görä, Belarusyň Prezident saýlawlarynda Aleksandr Lukaşenko ýeňiş gazanýar
27.01.2025
|10:30
|440
Belarus Respublikasynyň häzirki prezidenti Aleksandr Lukaşenko ekzitpol netijelerine laýyklykda, 87,6% ses toplap, saýlawlarda ýeňiş gazanýar. Bu barada BELTA agentligi habar berýär.

“Ýaşamak, ynanmak, söýmek” – Almatydaky baky adam gymmatlyklary baradaky halkara sergi
25.01.2025
|22:10
|362
Almatydaky Abylhan Kasteýew adyndaky Döwlet sungat muzeýinde “Tan Şolpan” halkara garaşsyz zenan suratkeşler gaznasyň 25 ýyllygyna bagyşlanan “Ýaşamak, ynanmak, söýmek” atly halkara sergi geçirilýär. Sergide Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gruziýanyň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Kanadanyň we ABŞ-nyň suratkeşleriniň ýüzden gowrak eseri hödürlendi