Türkiýe Ýewropada polat öndürilişi boýunça birinji orunda
24.10.2025 | 11:50 |Türkiýe dünýäde polat öndürilişi boýunça ýedinji orny, Ýewropada bolsa birinji orny eýeläp, dünýä metallurgiýa pudagyndaky ornuny has-da pugtalandyrdy. Bu barada Türkiýäniň Polat öndürijiler birleşiginiň (TÇÜD) baş sekretary Weýsel Ýaýan habar berdi.
Birleşigiň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Türkiýe 36,9 million tonna polat öndürdi we 2025-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynyň netijesinde dünýä reýtinginde sekizinji ýerden ýedinjä galdy. Türkiýäniň polady 180-den gowrak ýurda eksport edilýär, bu pudak bolsa durnuklylygy, uýgunlaşma ukyby we ýokary hilli önümleri bilen tanalýar.

Dünýä Polat Birleşiginiň statistikasyna laýyklykda, iň uly polat öndüriji ýurt entegem Hytaý bolup galýar — 1 milliard tonnadan gowrak önüm bilen, bu bolsa dünýä önümçiliginiň ýarysyndan hem köpdir. Ondan soňra Hindistan (149 mln tonna), Ýaponiýa (84 mln tonna), ABŞ (79,5 mln tonna), Russiýa (71 mln tonna), Günorta Koreýa (63,6 mln tonna), Türkiýe (36,9 mln tonna), Germaniýa (37,2 mln tonna), Braziliýa (33,8 mln tonna) we Eýran (31,4 mln tonna) gelýär. Dünýäniň polat öndürilişiniň takmynan 85%-i u on sany ýurda degişlidir.
Ýaýan Hytaýyň üstünliginiň dünýä bazaryny ýurduň içindäki üýtgeşmelere duýgur edýändigini belläp geçdi: hatda içerki sarp edilişiň 1% peselmegi eksportyň 10 million tonna çenli artmagyna sebäp bolýar, bu bolsa dünýä bäsdeşligini güýçlendirýär.
Ol ABŞ-da gümrük paçlarynyň ýokarlandyrylmagy we Ýewropa Bileleşiginde polat importyna goýlan kwotalaryň 47% azaldylmagy ýaly täze gorag çäreleriniň türkiýeli öndürijileriň daşarky bazarlara çykmagyny kynlaşdyrýandygyny belledi.