OpenAI ChatGPT Atlas emeli aň ulgamly brauzerini tanyşdyrdy
24.10.2025 | 11:15 |Amerikanyň “OpenAI” tehnologik kompaniýasy emeli aň bilen üpjün edilen täze “ChatGPT Atlas” atly web-brauzeriň işe girizilendigini habar berdi.
Kompaniýanyň beýanatynda bellenilişine görä, Atlas – esasynda “ChatGPT” ýerleşýän, emeli aň mümkinçilikleri bilen integrirlenen brauzer hökmünde döredildi.
“OpenAI”-nyň maglumatlaryna görä, brauzer “ChatGPT”-nyň gurlan ýady bilen üpjün edilendir. Bu aýratynlyk brauzere öňki gepleşiklerde ýerleşen maglumatlary we jikme-jiklikleri täze meseleleri ýerine ýetirmekde ulanmak mümkinçiliklerini berýär. Şonuň netijesinde Atlas girilen sahypalaryň kontekstini ýatda saklap, zerur bolan ýagdaýynda ony täzeden dikeldip bilýär.

Kompaniýa bu ýadyň doly opsion häsiýete eýedigini belläp geçdi — ulanyjylar islendik wagtda ýatda galan maglumatlary görüp, arhiwleşdirip ýa-da pozup bilerler. Gözleg taryhy arassalananda, degişli ýat ýazgylary hem awtomatik ýagdaýda öçürilýär.
23-nji oktýabrdan başlap, ChatGPT Atlas macOS operasion ulgamynyň ähli nyrh meýilnamalarynda — Free, Plus, Pro we Go ulanyjylary üçin elýeterlidir. Ýakyn wagtda bu brauzeriň Windows, iOS we Android ulgamlary üçin görnüşleriniň çykarylmagyna garaşylýar.
Mundan başga-da, Atlas-da “agent” diýlip atlandyrylýan ýörite ýagdaý göz öňünde tutulan. Bu ýagdaý ulanyjynyň adyndan dürli meseleleri ýerine ýetirmäge — gözleg geçirmek, seljerme amala aşyrmak, çäreleri meýilleşdirmek we ýazylmak ýaly işlere mümkinçilik berýär. Bu ýagdaý häzirki wagtda ChatGPT Plus, Pro we Business ulanyjylary üçin synag görnüşinde elýeterlidir.
ORIENT