Balkanabat şäherinde Eýranyň eksport mümkinçilikleriniň sergisi geçiriler
23.10.2025 | 22:20 |23-nji oktýabrda, penşenbe güni, geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowade Eýran Yslam Respublikasynyň eksport mümkinçilikleri boýunça ýöriteleşdirilen serginiň Türkmenistanda geçirmek üçin taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.
Türkmenistanyň günbatar sebitinde Balkan welaýaty bilen serhetdeş ýerleşýän Eýranyň Gülüstan welaýatynyň kompaniýalarynyň gatnaşjak sergisi Balkanabat şäherinde geçiriler.
Prezident Serdar Berdimuhammedow Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewe bu çäräniň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde köpugurly sergilere möhüm orun degişlidir, bu bolsa serhetýaka özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine hem degişlidir. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Eýran bilen gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýändigini nygtady.
ORIENT