Türkmenistanyň biržasynda umumy bahasy 47 million dollardan gowrak bolan 48 geleşik baglaşyldy
20.10.2025 | 11:30 |Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 48 geleşik hasaba alyndy. Daşary walýutada baglaşylan şertnamalaryň jemi möçberi 47 million 102 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.
Birleşen Arab Emirliklerinden, Türkiýeden, Eýrandan we Özbegistandan gelen işewürler «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanlarynda öndürilen uçar kerosinini we suwdan arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Daşary walýutada ýorgan-düşek toplumlary, ýumşak önümler, flanel mata, nah ýüplügi we buýan köküniň ekstrakty hem satyldy. Satyn alyjy-ýurtar Birleşen Arab Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Serbiýanyň we Gyrgyzystanyň kompaniýalary girýär.
Içerki bazarda türkmen telekeçileri «Türkmennebit» GK-nyň öndürýän esas ýagyny, nebit koksy we polipropileni, şeýle hem ýumşak önümlerini, pagta we jins matalaryny, ýüplügi we buýan köküniň ekstraktlaryny satyn aldylar. Içerki geleşikeriň jemi möçberi 153 million 223 müň manatdan geçdi.