Aşgabatda Italýan diliniň dünýäde geçýän XXV hepdeligi açyldy
15.10.2025 | 10:15 |Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda duşenbe güni dünýäniň onlarça ýurdunda geçirilip, ýokary okuw mekdeplerini, medeni merkezleri, mugallymlary we talyplary birleşdirýän Italýan diliniň dünýäde geçýän XXV hepdeligi öz işine başlady. Bu ýylky hepdeligiň temasy — «Italofoniýa: çäksiz dil» diýlip atlandyrylýar.
Dabaralar we ilkinji çäreler Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirildi. Açylyş dabarasyna Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň söwda attaşesi Karmelo Leo, Kipr Uniwersitetiniň italýan dili professory we türk dilleri boýunça alym Françesko Jammoni, şeýle hem türkmen ýokary okuw mekdeplerinde italýan dilini öwredýän mugallymlar gatnaşdylar.
Hepdeligiň birinji güniniň maksatnamasyna umumy sapaklar, döredijilik çykyşlary we duşuşyklar girizildi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilen tematik duşuşykda türkmen we italýan dillerinde aýdylan aýdymlar we goşgular ýaňlandy. Peruja uniwersitetiniň okuw maksatnamasyny tamamlan talyplar Italiýada bilim alyş tejribeleri we italýan diliniň hünär taýdan ösüşdäki ähmiýeti barada gürrüň berdiler.
Hepdäniň dowamynda Türkmen Döwlet binagärlik we gurluşyk institutynda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de “Gujurly bilim merkezi” hususy bilim merkezinde umumy we ýörite sapaklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Çäräniň jemleýji bölegi hökmünde “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde CELI şahadatnama merkezi açylar. Bu merkez italýan dilinden halkara derejesindäki CELI synaglaryny işläp düzüji Peruja uniwersitetiniň goldawy bilen döredilýär.
Aşgabatda geçirilýän Italýan diliniň hepdeligi Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldawy bilen guralyp, iki ýurduň arasynda bilim we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.