Bolgariýa ýewro pul birligine geçmek üçin doly taýýar
16.10.2025 | 09:35 |Bolgariýa 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna meýilleşdirilen euro pul birligine geçmek boýunça ähli tehniki taýýarlyklaryny tamamlady. Bolgariýanyň gümrük gullugy, ähli maglumat ulgamlarynyň ornaşdyrylyp, täze walýuta bilen işlemäge doly taýýardygy barada habar berdi.
Edaranyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan başlap, Bolgariýanyň awtomatlaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynyň (BACIS) esasy modullarynyň täzelenen görnüşleri— «SUA», «Soraglar», «Yzyna gaýtarmalar» we «Soňraky gözegçilik» — önümçilik gurşawyna üstünlikli ornaşdyryldy. Şol gün «ZADS çägindäki Soraglar» atly täze modul (wersiýa 0.0.4) hem Milli euro pul birligine geçiş meýilnamasyna laýyklykda integrirlenildi.
Geçişe taýýarlyk döwründe jemi 20-den gowrak maglumat ulgamy dolulygyna ýa-da bölekleýin täzelendi. Gümrük gullugy, ýurduň iň sanlylaşdyrylan döwlet edaralarynyň biri bolup galýandygyny nygtady: dolandyryş işleriniň 95%-den gowragy elektron görnüşde ýerine ýetirilýär. Ähli gümrük deklarasiýalary we gümrük hem-de aksiz tölegleri bilen bagly esasy amallar doly sanly görnüşde amala aşyrylýar.
Edaranyň maglumatlaryna görä, ýewro pul birligine geçmek işewürlik ulgamynyň işine täsir etmez. Ykdysady operatorlar häzirki elektron portal arkaly deklarasiýalaryny bar bolan tehniki talaplara laýyklykda tabşyrmagy dowam etdirip bilerler. Ulgam Bolgariýanyň milli banky tarapyndan kesgitlenen ähli walýutalary, şol sanda lewa bilen ýewronyň arasyndaky kesgitli ýagdaýyny hem goldamagyny dowam etdirer.
ORIENT