Iň täze habarlar

Aşgabat bilen Daşkendiň üns merkezinde ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyk – geljegi seljerim düzmek

12.10.2025 | 23:15 |
 Aşgabat bilen Daşkendiň üns merkezinde ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyk – geljegi seljerim düzmek

Aşgabat, 12-nji oktýabr | ORIENT. Özbegistan Respublikasyndan Merkezi Aziýa halkara institutynyň (MAHI) direktory Jawlon Wahabowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Aşgabat şäherine eden sapary ikitaraplaýyn we sebitleýin bilermenler dialogyny çuňlaşdyrmagyň täze tapgyryny alamatlandyrdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda (HGI) “Türkmenistan-Özbegistan: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri” atly tegelek stol esasy çäre boldy.

12102025-ashgabat-tashkent-dialog-analityka (2).jpg

Bilermenleri, diplomatlary we hususy pudagyň wekillerini birleşdiren bu dialog adaty pikir alyşmagyň çäginden çykdy. Ol görüýän geljek üçin hyzmatdaşlygyň gün tertibini düzjek geljegi uly ugurlaryň seljeriş derňewine öwrüldi. Bu duşuşygyň Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň noýabr aýynyň başynda Daşkentde geçiriljek 7-nji Konsultatiw duşuşygynyň öňüsyrasynda geçirilmegi onuň aýratyn ähmiýetini artdyrýar.

12102025-ashgabat-tashkent-dialog-analityka (5).jpg

Iş dialogy iki ýurduň öňdebaryjy seljeriş merkezleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde açyldy. Munuň özi bolsa çäräniň ýokary derejesini we strategiki ähmiýetini nygtady.

Giriş sözi bilen özbek wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Merkezi Aziýa halkara institutynyň (MAHI) direktory Jawlon Wahabow çykyş etdi. Ol bilermenlik diplomatiýasynyň häzirki zaman sebitleýin işiň möhüm bölegidigini nygtady.

MAHI-niň wekiliýetiniň Aşgabat şäherine sapary – bu bir diňe pikir alyşmak däl, bu seljeriş merkezleriniň arasynda ulgamlaýyn hyzmatdaşlyga itergidir. Biziň umumy maksadymyz – Merkezi Aziýany bitewi, durnukly we gülläp ösýän giňişlik hökmünde pugtalandyrmak üçin çözgütleri kabul etmäge ýurtlarymyzyň syýasy ýolbaşçylyklaryny çuňňur, pragmatiki seljerme bilen üpjün etmek. Biz Liderlerimiziň syýasy erkini her pudak üçin ýol kartalaryna geçirmeli diýip Wahabow belledi.

21.jpg

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň direktory Şiri Şiriýew, sebit howpsuzlygy we ösüşiniň täze arhitekturasynda Türkmenistanyň strategiki ornuna ünsi çekdi.

Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde öz wezipesini dialog üçin ygtybarly, inklýuziw meýdançany döretmekde görýär. Biziň tegelek stolumyz – munuň amaly taýdan tassyklamasydyr. Aşgabat bilen Daşkent geljek üçin iň möhüm meselelere ünsi jemläp sebitleýin gün tertibini bilelikde düzmäge taýýardyr: Suw diplomatiýasy we logistikadan biziň umumy medeni aýratynlygymyzyň emele gelmegine çenli. Häzirki wagtda bilermenler Merkezi Aziýanyň mundan beýläk-de jebisleşdirilmegi üçin binýady goýýarlar.

Başlangyçlary iş ýüzüne geçirmek we mehanizmleri döretmek

MAHI-niň bölüm müdiri, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Daniýar Kurbanow, beýan edilen başlangyçlardan netijeli institusional durmuşa geçirilişine ünsi jemläp, sebitleýin jebisleşdiriş işine çuňňur seljerme berdi.

Ilçi Kurbanow, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara ynamy pugtalandyrmakda we meseleleri çözmekde hakyky netijelere ýetendigine garamazdan, bu işi has çuňlaşdyrmak esasy meselelere hakyky düşünmegi talap edýän pragmatiki, ylalaşykly çözgütlerini gözlemäge çagyrdy.

Ol institutlary pugtalandyrmak boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi: Milli utgaşdyryjylar geňeşiniň (MUG) işini işjeňleşdirmek – ony köpçülige has elýeterli etmek, 2018-nji ýyldan bäri öňe sürülýän 300-den gowrak başlangyçlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin funksiýany yzygiderli giňeltmek; ähli taraplaryň tekliplerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny düzmek bilen birlikde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna başlyklyk etýän ýurduň ornuny güýçlendirmek; sebitleýin işleriň dowamlylygyny üpjün etmek üçin Sekretariaty döretmek baradaky soragy gaýtadan orta atmak; daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy puktalandyrmak – DIM-iň ýolbaşçylarynyň yzygiderli duşuşyklary we üçünji ýurtlarda we halkara guramalarynda diplomatik wekilhanalary utgaşdyrmak.

12102025-ashgabat-tashkent-dialog-analityka (6).jpg

Daniýar Kurbanow, söwdany ýönekeýleşdirmek we ÝAYB bilen BSG-niň öňündäki borçnamalara garşy gelmezden düzgünleri sazlaşdyrmak arkaly umumy ykdysady giňişlik döretmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.

Ol şeýle hem , Türkmenistanyň ulag meseleleri boýunça işjeň garaýyşynyň, “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika dialogynyň” döredilmeginiň we Işewürler geňeşiniň teklibiniň Daşkent bilen Aşgabadyň arasynda has düýpli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga gowy mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.

Sebitleýin jogapkärçiliginiň esaslary

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň uly ylmy işgäri Bekdurdy Amansaryýew kärdeşleriniň ünsüni integrasiýanyň ruhy we medeni binýadyna – Merkezi Aziýada sebitleýin meňzeşligiň döremegine gönükdirdi.

Amansaryýew, ählumumy sarsgynlygyň şertlerinde meňzeşlik düşünjesiniň abstrakt düşünje bolmagyny bes edendigini hem-de sebitiň durnuklylygyny we howpsuzlygyny kesgitleýän çözgüt hökmünde amaly wezipä öwrülýändigini belledi.

12102025-ashgabat-tashkent-dialog-analityka (3).jpg

“Sebitleýin meňzeşligi ýokardan girizilmeýär – bu özara gatnaşykdan, birek-birege hormat goýmakdan we Merkezi Aziýanyň halklary hökmünde umumy ykbalymyzy duýmaklygynyň netijesinde ösýär” – bilermen belledi.

Onuň pikiriçe, esasy maksady – sebitleýin jogapkärçiliginiň täze modelini döretmek. Ýakynda hödürlenen Taslamanyň Konsepsiýasy parahatçylygy we hoşniýetli goňşuçylygy gorap saklamagy, umumy medeni mirasy wagyz etmegi we sebitde durnuklylygyň we döredijiligiň giňişligi hökmünde oňyn keşbini emele getirmegi maksat edinýär. Amansaryýew bu işiň diňe bir syýasy erki däl, eýsem jemgyýetiň içerki kämilligini hem talap edýändigini aýtdy we tapawutlar prizmasy arkaly goňşulary kabul etmegiň inersiýasyny ýeňip geçmäge çagyrdy.

Ykdysady ýollar: syýahatçylyk we logistika

Tegelek stoluň möhüm aýratynlygy Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleriniň işjeň gatnaşmagy boldy. Syýahatçylyk pudagynda “Eşretli syýýahat” HK-niň direktory Sahra Amanowa Merkezi Aziýa üçin umumy markany – “Ýüpek ýolunyň iki ganaty” ýa-da “Two Nations – One Journey” döretmek üçin amaly ädimleri teklip etdi. Ol “Türkmenistan – Özbegistan” garyşykly gezelençlerine syýahatçylaryň arasynda uly gyzyklanma bardygyny belledi we bu mümkinçiligini durmuşa geçirmek üçin yzygiderli howa gatnawynyň ösdürilmeginiň möhümdigini nygatdy.

7.jpg

Ulag we logistika pudagynda ýük gatnawy üçin täsirli ösüş görkezijileri beýan edildi (ýylda 17 000 awtoulag). Işewürligiň wekilleri Türkmenistanyň, esasanam Özbegistan – Türkmenistan – Hazar deňziniň Ýewropa çykmak üçin geçelgeleri ösdürmäge, şeýle hem Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman ulag geçelgesi boýunça Aşgabat ylalaşygyny çalt ýerine ýetirilmegine taýýardygyny aýtdy. Aýratynam, türkmen-özbek serhedinde “Farap awtoýollary” gümrük nokadynyň durkynyň täzelenmegi, onuň geçiriş kuwwatyny iki esse ýokarlandyryp, üstaşyr geçişiň netijeliligine gönüden-göni täsir etdi.

8.jpg

Howa we suw gün tertibi

Tegelek stolda şeýle hem suw we howanyň howpsuzlygy ýaly möhüm temalar orta atyldy. Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň öňdebaryjy ylmy işgäri Orazmuhamet Annabaýew Merkezi Aziýanyň howanyň üýtgemegine has gowşak sebitleriň biridigini aýtdy.

Ol Türkmenistanyň suwuň umumy baýlyk ýörelgesine yzygiderli eýerýändigini we ýurduň ýolbaşçylarynyň suw diplomatiýasyny daşary syýasatyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitländigini belledi.

“Suw diplomatiýasy suw hyzmatdaşlygynyň binýadydyr” – diýip, Annabaýew mälim etdi, meseläniň çözgüdiniň suwaryş ulgamlarynyň tehniki derejesini ýokarlandyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak (damjalaýyn suwaryş) we suw sarp etmegiň düzgünlerini sazlamak bilen baglanyşyklydygyny nygtady.

9.jpg


MAHI-niň özbek wekiliýetiniň amala aşyran sapary we tegelek stoluň başynda geçirilen söhbetdeşlik, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlykda bilermenlik we seljeriş işindäki tejribesiniň has möhüm orny eýeleýändigini görkezdi.

Bilermenleriň dialogy diňe bir sebitleýin jebisleşmegiň (ulag, energetika, howpsuzlyk, meňzeşlik) meselelerinde garaýyşlarynyň umumylygyny ýüze çykarman, eýsem olara ýetmek üçin amaly gurallary hem düzdi: SNK özgertmekden başlap, bitewi syýahatçylyk akymyny döretmeklige çenli.

Tendensiýa aýdyň: Aşgabat bilen Daşkent diňe bir ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem Merkezi Aziýanyň ähli bähbitleriniň halkara giňişliginde netijeli ösdürilmegini üpjün etjek jebisleşdiriji çemeleşmeleri ösdürmek üçin seljeriş merkezleriniň “ýumşak diplomatiýasyny” ulanýarlar.

10.jpg

Saparyň dowamynda Özbegistandan wekiliýet Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. MEHI-niň bilermeleri BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezinde, Ýewropadaky Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky edarasynda we Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetinde duşuşyklary geçirdiler.

Özbek wekiliýetiniň agzalary Aşgabatda geçirilen “Saglygy goraýyş, bilim we sport” halkara sergisine-de baryp gördüler.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: