Iň täze habarlar

Hytaý: Hepdäniň bäş esasy wakasy

06.10.2025 | 14:30 |
 Hytaý: Hepdäniň bäş esasy wakasy

27-nji sentýabrdan 3-nji oktýabra çenli Hytaý esasan Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň güni we Güýz aralyk baýramçylygynyň dabaralaryna ünsi jemledi. Şeýle-de bolsa, milli dynç gününe garamazdan, ýurt strategiki ugruny kesgitleýän birnäçe möhüm syýasy, infrastruktura we ylmy beýanatlary berdi.

Hepdäniň bäş esasy wakasy

1.Başlyk Si Szinpiniň strategiki ileri tutýan ugurlary

HHR-iň Başlygy Si Szinpin 30-njy sentýabrda ýurt halkyny 15-nji bäş ýyllyk meýilnamany (2026–2030) durmuşa geçirmäge çagyrdy. Çagyryşynda ol, “Taýwan garaşsyzlygy” ugrunda alyp barylýan aýryçylyk hereketlerine we daşarydan goşulmaklyga berk garşy durmalydygyny nygtady hem-de çägiň bitewiligini goramaga ygrarlydygyny tassyklady.

2.Dartgynly ýagdaý şertlerinde DKHR bilen gatnaşyklaryň berkidilmegi

Koreýa ýarymadasyndaky dartgynly ýagdaý şertinde Hytaý Phenýan bilen gepleşikleri dowam etdirmäge ygrarlydygyny tassyklady. HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýan we Daşary Işler ministri Wan I DKHR-nyň Daşary Işler ministri Çhwe Son Hi bilen duşuşdy. Taraplar gegemoniýa garşy göreşmekde we köpugurly dünýä tertibini döretmekde hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge çagyrdylar.

3.“Bir Hytaý” ýörelgesiniň tassyklanylmagy

30-njy sentýabrda Hytaý ABŞ we beýleki “daşary güýçleriň” BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2758 belgili Kararynyň düşündirilişiniň manysyny üýtgetmek synanşyklaryny ýazgarýan resminamany çap etdi. Pekin Kararnamanyň bir Hytaý ýörelgesini we Taýwanyň derejesini anyk berkidýändigini tassyklady.

4.Dünýäniň iň beyik köprüsiniň açylyşy

28-nji sentýabrda Guýçžou welaýatynda Grand-Kanýondan geçýän Huaszýan köprüsi açyldy. Onuň beýikligi 625 metr bolup, bu bolsa dünýäniň iň beýik köprüsidir. Bu inženerçilik täsinligi kanýony geçmegiň wagtyny iki sagatdan iki minut aralygyna ýetirdi we ýerli ykdysadyýeti hem-de syýahatçylygy höweslendirdi.

5.Ýadro sintezindäki üstünlik

1-nji oktýabrda Hefei şäherinde öňdebaryjy hytaý termik yadro sintezi (BEST) desgasy boýunça möhüm ösüş gazanyldy. Munuň 2030-njy ýyla çenli Hytaýa arassa elektrik energiýasyny öndürip başlamaga mümkinçilik berjekdigi, ýurdy “absolýut energiýa çeşmesini” özleşdirmäge ýakynlaşdyrýandygy aýdylýar.

ORIENT

Foto: substack.com

Şeýle hem okaň: