Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Ilon Mask «Wikipediýanyň» alternatiw görnüşi bolan Grokipedia-nyň işe giriziliş senesini mälim etdi

08.10.2025|11:35|
467
ilon-mask-wikipediyanyn-alternatiw-gornusi-bolan-grokipedia-nyn-ise-girizilis-senesini-malim-etdi
Surat çeşmesi: xAI

Ilon Mask öziniň täze sanly ensiklopediýasy Grokipedia-nyň synag görnüşindäki işe girizilişiniň indiki iki hepdäniň dowamynda boljakdygyny habar berdi. Bu barada xAI kompaniýasynyň ýolbaşçysy öz sosial ulgamyndaky X sahypasynda ýazdy.

Grokipedia xAI kompaniýasynyň emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan akylly platforma hökmünde döredilýär. Bar bolan maglumatlara görä, ulgam eýýäm X ekoulgamyna ornaşdyrylan Grok atly chatbotyň bilim binýadyna daýanyar.

Taslamanyň esasy maksady — açyk çeşmelerden maglumatlary toplamak, täzelenmek, maglumatlary barlamak we degişli kontekst goşmakdyr. Işläp taýýarlaýjylar Grokipedia-nyň diňe ulanyjylar üçin däl-de, emeli aň ulgamlary üçin hem elýeterli boljagyny, mazmunyň açyklygyny we bilelikde redaktirleme mümkinçiligini üpjün etjekdigini belleýärler.

Häzirlikçe täze ensiklopediýanyň X platformasyna göni integrirlenjekdigi ýa-da aýratyn web sahypasy görnüşinde hödürlenjekdigi barada takyk maglumat berilmedi.