Iň täze habarlar

Tokioda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

04.10.2025 | 14:10 |
 Tokioda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G. Mezilowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 3–4-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýada saparda bolup, döwlet edaralarynyň, ylmy merkezleriň we kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.

Uniwersitetde berlen maglumata görä, duşuşyklaryň esasy temasy ylmy, bilim we ýokary tehnologiýalar ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boldy.

1

3-nji oktýabrda türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) ýokary bilimi we jemgyýetçilik üpjünçiligi boýunça toparynyň direktory D. Ueda bilen duşuşdy. Taraplar bilim maksatnamalarynyň ösdürilmegini, hünär taýýarlygy boýunça taslamalary hem-de akademiki alyş-çalyş mümkinçilikleriniň giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

2

Şol gün türkmen wekilleri Kawasaki Senagat ösüş institutynyň Nanolukmançylyk innowasiýalar merkezi boýunça direktorynyň orunbasary K. Nagai bilen hem duşuşdylar. Duşuşykda nanolukmançylyk ugrunda häzirki zaman ylmy-barlag işleri we türkmen talyplary üçin “nanotehnologiýa” hünäri boýunça tejribe geçmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wekiliýet Türkmen–Ýapon ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk birleşiginiň başlygy H. Koinuma we birleşigiň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşyklarda bilelikdäki taslamalaryň täze ugurlary, ylmy maslahatlaryň geçirilmegi we alyş-çalyş maksatnamalarynyň giňeldilmegi bipen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

3

Mundan başga-da, wekiliýet Tohkemy Corporation kompaniýasynyň bölüm başlygy M. Ýamadzumi bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň mümkinçilikleri we bilelikdäki taslamalar, şol sanda uniwersitet bilen Tohkemy Corporation-yň arasynda gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama laýyklykda suwy arassalaýyş ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy

Şeýle hem okaň: