Arkadag Med Cluster çagalar üçin niýetlenen türkmen azyk önümleriniň dünýä derejesindäki hilini tassyklaýar
02.10.2025 | 11:30 |Arkadag Medisina Klasteri Menejment kompaniýasy tarapyndan öndürilen Arkadag Med Cluster çaga şülesi 2025-nji ýylyň 16–19-njy sentýabry aralygynda Moskwada geçirilen WorldFood Moscow halkara sergisinde altyn medal bilen sylaglandy.
Önüm «Saglyk we berhiz azyk önümleri, organiki önümler» atly ugurda iň ýokary baýraga mynasyp boldy. Bilermenlerden düzülen eminler topary önümiň tebigy we deňagramly düzümine hem-de önümçilikdäki innowasion çemeleşmesine ýokary baha berdiler. Arkadag Med Cluster çaga şülesiniň ýeňiş gazanmagy, önümiň halkara hil standartlaryna we häzirki döwürde ene-atalaryň çagalaryň iýmitine bildirýän talaplaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýar.
Arkadag Med Cluster sagdyn iýmit önümleri hataryny ösdürmegi dowam etdirip, ekologiýa taýdan arassalyga, howpsuzlyga we ýokary tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berýär. Bu baýrak türkmen önümleriniň hilini we dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýene bir gezek tassyklaýar.
WorldFood Moscow sergisi her ýylda dünýäniň dürli künjeginden öňdebaryjy azyk önümleri öndürijileri bir ýere jemläp, pudagyň iň gowy üstünliklerini hödürleýär. 2025-nji ýylda bu çärä onlarça ýurtdan 1000-den gowrak kompaniýa gatnaşyp, azyk önümleriniň, içgileriň we pudak üçin innowasion çözgütleriň giň toplumy bilen tanyşdyrdy.
ORIENT