Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

02.10.2025 | 14:15 |
 Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet institutynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly maslahat geçirildi.

Maslahata Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary we onuň orunbasarlary, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, bu ýurduň Yslam Şurasy Mejlisiniň deputatlary, Eýranda akkreditlenen daşary ýurt Ilçileri hem-de hormatly myhmanlar gatnaşdylar.

1

Onuň dowamynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň kömekçisi, Ýewraziýa departamentiniň başlygy, Eýranyň Yslam Şurasy Mejlisiniň deputaty, türkmen-eýran dostluk toparynyň ýolbaşçysy hem-de edebiýatçylar çykyş etdiler.

2

Çykyşlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli gutlag sözleri aýdyldy hem-de ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, onuň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagy, syýasy taýdan durnuklylygy barada bellenilip geçildi.

Şeýle hem şu ýylyň 19-njy sentýabrynda Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti barada bellenilip geçildi.

3

Mundan başga-da, myhmanlar üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Ilki bilen, medeniýet toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen milli aýdym-saz, medeni çykyşlary görkezildi.

Maksatnamanyň çäklerinde türkmen halkynyň medeniýetini, milli mirasyny we şekillendiriş sungatyny açyp görkezýän sergi geçirildi hem-de türkmeniň milli tagamlary hödürlenildi.

4

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: