Iş Nokady täze giňişligi açýar: Türkmenbaşydaky bilim merkezi
25.09.2025 | 14:31 |Bäş ýyldan gowrak mundan ozal Aşgabatdaky “Berkarar” işewürlik merkezinde “Iş Nokady” kompaniýasynyň ilkinji koworking merkezi açyldy. Onuň maksady – kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi üçin amatly şertleri döretmekdi. Ilkibaşdan ýurdumyz boýunça şahamçalaryň açylmagy meýilleşdirilipdi.
Şondan bäri koworking merkezi işjeň ösüş ýoluna düşüp, hünär başarnyklaryny ösdürmek boýunça bilim çäreleriniň, ussatlyk sapaklarynyň, seminarlaryň geçirilýän işewürlik giňişligine öwrüldi.
Mundan başga-da, ýaş telekeçiler, frilanserler, startapçylar, IT hünärmenleri we başgalar döwrebap iş ýerlerine, gepleşik otaglaryna we hünär edebiýatlaryna mümkinçilik alýarlar.
Koworking merkezi diňe özüniň mümkinçiliklerini kämilleşdirmän, eýsem hyzmatdaşlarynyň ösüşine hem goldaw berdi. Mysal üçin, zenanlar üçin hünär taýýarlyk merkeziniň açylmagynda “Iş Nokady” “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasyna uly goldaw berdi.
2023-nji ýylda kompaniýa ikinji koworking merkezini, bir ýyl soň bolsa üçünjisini açdy. Şu ýylyň başynda, 12-nji fewralda, “Iş Nokady” köp sanly egindeşlerini, dostlaryny, diplomatlary, hyzmatdaşlaryny jemläp, 5 ýyllygyny belledi. Dabara gatnaşyjy telekeçiler öz önümlerini we hyzmatlaryny hödürlediler.
“Iş Nokady” birnäçe halkara taslamalaryň resmi wekili bolup durýar. Olaryň arasynda ITEA Halkara IT akademiýasy, Coddy çagalar üçin programmirleme mekdebi, Halkara işewürlik mekdebi City Business School, çagalar we ýetginjekler üçin Halkara işewürlik mekdepleri BigBoss, MiniBoss we beýlekiler bar.
Ýakynda “IT Nokady” Belarusyň Academy BELHARD bilen bilelikde taýýarlanan bäş täze ugur boýunça okuwlaryň başlanandygyny mälim etdi. Täze maksatnamalaryň hatarynda düzgünli dolandyryş, topar dolandyryşy, işewürlikde emeli aňyň ulanylyşy we “soft skills”-leriň ösdürilmegi bar.
Ýakynda bolsa möhüm waka bolup geçdi – koworking merkezi paýtagtyň çäginden çykyp, Türkmenbaşy şäherinde öz şahamçasyny açdy.
Dabaraly açylyşa köp myhmanlar gatnaşdy. Olaryň arasynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (PÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan, şeýle-de Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Luiji Ferrari dagy bolup, gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Täze “Iş Nokady” şahamçasy port şäheriniň ýaşaýjylaryna doly bilim hyzmatlaryny hödürleýär. Şolaryň arasynda:
• IT okuwlary (grafiki dizaýn, frontend ösüşi, programmirleme);
• Daşary ýurt dilleri (iňlis, ispan, italýan, ýapon, hytaý);
• Çagalar üçin “MiniBoss” we “BigBoss” maksatnamalary;
• “Royal British School” okuwlary;
• “Leonardo” döredijilik maksatnamasy.
Şeýlelikde, “Education Nokady”-niň dil ugrunyň çäginde häzirki döwürde iň giňden ulanylýan daşary ýurt dilleriniň okadylyşyna uly ähmiýet berilýär. Aýratyn üns bolsa çagalar üçin taýýarlanan “MiniBoss” (kiçi ýaşdaky mekdep okuwçylaryna) we “BigBoss” (ýetginjeklere) maksatnamalaryna gönükdirilýär. Bu okuwlar ýaşlarda liderlik häsiýetlerini hem-de telekeçilik başarnyklaryny ösdürmäge ýardam berýär.
Bilim almaga, şahsy ösüşi gazanmaga we üstünlige ymtylýanlaryň hemmesi üçin Türkmenbaşy şäherindäki “Iş Nokady" merkeziniň gapylary giňden açyk.
Bu ýerde siz täze dostlary taparsyňyz, pikirdeşleriňiz we hyzmatdaşlaryňyz bilen tanyşarsyňyz.
Guramaçylar täze döwrüň hünärmenlerini taýýarlamak üçin öz tejribesini paýlaşmaga taýýar IT ugurly hünärmenleri hem-de mentorlary toparlaryna çagyrýarlar.
Enejan KEPBANOWA