Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy baýramçylygyň öňisyrasynda atçylyk sport toplumyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy

25.09.2025 | 00:36 |
 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy baýramçylygyň öňisyrasynda atçylyk sport toplumyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňisyrasynda bu senä görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem ýurduň milli buýsanjyhasaplanýan – ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly möhüm wakalaryň geçiriljek ýerlerine aýratyn üns berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berilişi ýaly, 24-nji sentýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumyna bardy. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde toplumyň döwrebaplaşdyrylyş işiniň netijeleri bilen tanyşdy. Geçirilen işleriň netijesinde sport toplumynyň durkuny täzeledi we ony ýokary halkara görkezijilere doly laýyk getirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri toplumyň ekologik ýagdaýa aýratyn ünsi çekip, bu ýerde döredilýän gök zolaklaryň ugurdaş desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy ahalteke bedewleri toý-baýramlaryň esasy bezegine öwrülendigini aýdyp, bu ýerde bedewlerdir çapyksuwarlar üçin şeýle hem köp sanly myhmanlar üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň ýörite meýdançasynda Hanbeg atly bedewe atlanyp, toplumyň çapuw ýodasynyň, oňa düşelen çägäniň ýagdaýy ýagdaýy bilen tanyşdy. Halk Maslahatynyň Başlygy aýlawyň çäginde gezim edip, çapuw ýodasynyň howpsuzlygy we rahatlylygy häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi. Şeýle hem medeni maksatnamalary hemmetaraplaýyn taýýarlamagyň möhümdigini nygtady. Munuň özi bolsa ahalteke bedewleriniň şöhratynyň özboluşly waspyna öwrülmelidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurduň seýisleriniň we atşynaslarynyň halkara standartlaryna laýyklykda berkidilen halk däp-dessurlaryna esaslanýan atçylygy ösdürmek üçin tejribelerini paýlaşmaga çagyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumy bilen tanyşlykdan soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna tarap ugrady. Häzirki döwürde bu toplumda hem döwrebaplaşdyrmak işleri batly depginde alnyp barylýar. Halk Maslahatynyň Başlygy toplumdaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, bu ýerde bedewler, atbakarlaryň netijeli işiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine şeýle hem behişdi bedewleriň şöhratly taryhyny dowam etdirilmegine mynasyp goşant goşýan atşynaslaryň zähmetiniň höweslendirilmelidigine ünsi çekdi.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: