Türkmenistanyň bilim ministrligi we ÝUNISEF Inklýuziw bilim tejribesini giňeldýärler
25.09.2025 | 10:45 |ÝUNISEF Türkmenistanyň Bilim ministrligi we durmuş taýdan goraglylyk pudagyndaky hyzmatdaşlary bilen bilelikde inklýuziw bilimiň ornaşdyrylmagyny ýurduň dürli künjeklerindäki synag mekdeplerde we çagalar baglarynda giňeldýär.
14–20-nji sentýabr aralygynda bu mekdepleriň we çagalar baglarynyň mugallymlary hem-de hünärmenleri milli we halkara bilermenler bilen bilelikde has elýeterli bilim gurşawyny döretmek ugrunda işlediler. Täze çemeleşmeler her bir çaganyň, şol sanda maýyplygy ýa-da aýratyn zerurlyklary bolan çagalaryň deň şertlerde okap, oýnap we ösüş gazanyp biljek synplarynyň hem-de toparlarynyň döredilmegine mümkinçilik berýär.
Bu başlangyjyň çäginde mugallymlar we mekdep müdirleri üçin inklýuziýanyň häzirki zaman usullary boýunça okuwlar guralýar, mekdepler ýörite sazlap bolýan partalar we oturgyçlar bilen enjamlaşdyrylýar, ene-atalaryň bilim prosesine işjeň gatnaşmagy üpjün edilýär. Oýun usullary bilen milli medeni aýratynlyklara laýyklykda çemeleşmek hem möhüm ugurlaryň biri boldy.
Mundan başga-da, aýratyn bilime mätäç çagalary ir tanamak we goldamak ulgamy berkidilýär, bu bolsa olaryň jemgyýete uýgunlaşmagy we ýurdumyzyň bilim edaralarynda mümkinçilikleriniň doly açylmagy üçin goşmaça şertler döredýär.