Iň täze habarlar

Halkara hyzmatdaşlyk: türkmen talyplary Yaponiýada alyş-çalyş maksatnamasy boýunça bilim alarlar

25.09.2025 | 08:30 |
 Halkara hyzmatdaşlyk: türkmen talyplary Yaponiýada alyş-çalyş maksatnamasy boýunça bilim alarlar

2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2026-njy ýylyň 31-nji awgustyna çenli Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň üç talyby Yaaponiýada, Sukuba uniwersitetinde akademik alyş-çalyş maksatnamasynyň çäginde bilim alar. Iki uniwersitetiň arasyndaky hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan bu başlangyç esasy ugurlary öz içine alýar: inženerçilik, informatika, ynsanperwer ylymlar we öňdebaryjy tehnologiýalar.

Bu bilim başlangyyjt ylmyň we halkara gatnaşyklaryň ösmegine möhüm goşantdyr. Makaatnama gatnaşmak talyplara aşakdaky mümkinçilikleri berýär:

• Hünär bilimlerini giňeltmäge;

• Gymmatly akademik tejribe gazanmaga;

• Medeni düşünjäni çuňlaşdyrmaga;

• Özüniň hünär ugurlarynda ýokary hilli hünärmen bolup taýýarlanmaga.

Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýa uniwersiteti bilen Sukuba uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň we Yaponiýanyň dostlukly gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrar. Bu hyzmatdaşlyk bilim, ylmy barlaglar we tehnologik ösüş ugurlarynda özara bähbitli gatnaşyklaryň berk binýadyny döreder we geljekki bilelikdäki taslamalar üçin täze mümkinçilikleri açar.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: