Türkmenistanda Maglumat tehnologiýalary babatda Startap bäsleşigi yglan edildi
25.09.2025 | 09:50 |Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» atly Maglumat tehnologiýalary babatda startap bäsleşiginiň geçirilýändigini barada habar berdi. Bäsleşik ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar.
Bäsleşige ýokary synp okuwçylary, talyplar, mugallymlar, telekeçiler, innowasion pikirleriň garaşsyz awtorlary, IT pudagynyň we döredijilik senagatynyň hünärmenleri gatnaşmaga çagyrylýar.
Arzalar 22-nji oktýabra çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäher komitetinde (Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81, 3-nji gat) kabul edilýär. Her gatnaşyjy diňe bir taslamany hödürläp biler.
Başlangyç tapgyrda taslamalar bilermenler tarapyndan saýlama synagyndan geçiriler. Iň gowy işleriň awtorlary üçin startaplary dolandyrmak, maýa goýumlary çekmek hem-de tanyşdyryş çäreleri boýunça okuw maksatnamasy (bootcamp) guralar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 25-nji noýabrda geçiriler. Gatnaşyjylar taslamalaryny eminleriň, maýadarlaryň we bilermenleriň öňünde açyk görnüşde tanyşdyrarlar. Işlere alty görkezijä görä baha berler: innowasiýalygy, durmuş-ykdysady ähmiýeti, durmuşa geçirilişi, işewürlik nusgasy, toparlaýyn iş we tanyşdyryş derejesi.
Netijeler boýunça alty ýeňiji saýlanar: birinji derejeli baýrak bilen bir, ikinji derejeli baýrak bilen iki we üçünji derejeli baýrak bilen üç taslama. Ýeňijiler Hormat hatlary hem-de guramaçylar bilen bäsleşigiň baş hemaýatkäri «TMT Consulting Group» Hojalyk jemgyýeti tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanarlar. Guramaçylar tarapyndan bellenen taslamalaryň awtorlary üçin höweslendiriji baýraklar göz öňünde tutulandyr.
Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesi geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin maýadar tapmakda goldaw berer.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 22-71-93, 22-74-07, 22-70-38.