Le.Travel türkmenistanlylara Russiýanyň “Altyn Halkasy” boýunça syýahaty teklip edýär
24.09.2025 | 12:55 |Le.Travel syýahatçylyk agentligi Türkmenistanyň raýatlary üçin Russiýanyň döwletliliginiň döreýşiniň gözbaşynda duran gadymy şäherleri özara baglaşdyrýan “Altyn Halkanyň” üsti bilen täsin syýahat taýýarlady.
Syýahatçylyk ugruna Beýik Rostow, Ýaroslawl, Wladimir we Suzdal ýaly şäherlere gezelenç göz öňünde tutulýar. Syýahatçylar şäherleriň taryhy merkezlerine baryp görerler, binagärlik ýadygärlikleri we asyrlaryň ruhuny saklap galan medeni miras bilen tanyşarlar.
Beýik Rostowda syýahatçylara gadymy rus binagärliginiň iň ajaýyp nusgalarynyň biri bolan meşhur Rostow Kremlini görmäge mümkinçilik berler.
Ýaroslawlda maksatnama umumy tanyşdyryş gezelenji hem-de Spaso-Preobraženski buthanasyna baryp görmegi öz içine alýar.
Wladimirde syýahatçylara meşhur “Altyn gapylar” hem-de beýik gurluşyk ýadygärligi bolan Uspenski ybadathanasy görkeziler.
Syýahatyň soňky bölegi bolsa Suzdal bolar. Açyk asmanyň astyndaky muzeý görnüşindäki bu şäherde syýahatçylar Spaso-Ýewfimiýew buthanasyna baryp görerler we şäheriň gadymy köçelerinde aýlanarlar.
Syýahatyň dowamlylygy we bahasy barada giňişleýin maglumat almak üçin Le.Travel agentligine ýüz tutup bilersiňiz.
Aşgabatdaky edaralaryň salgylary:
«Ak Altyn» işewürlik merkezi , 2-nji gat;
«Berkarar» söwda merkezi, 1-nji gat;
«Aşgabat» SDAM;
Lebap welaýatynda:
Türkmenabat şäheri, «Lebap söwda merkezi»;
Telefon belgisi: +99365 98-34-34
TikTok: @le._travel.tm
Instagram: @le.travel.tm
ORIENT