Pakistanyň ilçisi bilen söhbetdeşlik: “Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar üçin çäk ýok”
24.09.2025 | 16:00 |Aşgabat, 23-nji sentýabr | ORIENT. Şu ýyl Türkmenistan möhüm seneleri belleýär – Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy we hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy. Bu wakalaryň öňüsyrasynda biz Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi doktor Farýal Legari bilen duşuşdyk. Birnäçe aý mundan ozal Aşgabat şäherine gelen diplomat eýýäm onuň atmosferana aralaşdy we özüni öýünde ýaly duýýar. ORIENT we hanym Ilçi türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň nähilli ösdürilýändigi we olara geljekde nähilli ösüşiň garaşýandygy barada pikir alyşdylar.
— Hanym Ilçi, ýakynda Türkmenistana geldiňiz. Aşgabatda özüňizi nähili duýýandygyňyzy we türkmen ýolbaşçylyklary bilen duşuşyklaryňyz size nähili täsirleri galdyrdy?
— Türkmenistanda işlemek meniň üçin uly hormat. Bu meniň ilkinji diplomatik missiýam we men özümi eýýäm öz öýümde ýaly duýýaryn. Men Prezident Serdar Berdimuhamedow, Daşary işler ministri Raşid Meredow we Mejlisiň Başlygy Dünýägozel Gulmanowa bilen duşuşmak bagtyna eýe boldum. Bilýärsiňizmi, her söhbetdeşlikde men mylaýymlygy we myhmansöýerligi duýdum we ýurduň ýolbaşçylyklarynyň näderejede anyk we ösýän garaýşyny gördüm.
Maňa golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasynda eden çykyşyny diňlemek miýesser etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ol ýere ýygnanan diplomatlara hemişelik Bitaraplyk baýramynyň bellemegiň çäginde tekliplerini bermeklerini aýtdy. Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilime we ýaşlara berýän ünsüni göz öňünde tutup, uniwersitetlerde we medeni merkezlerde leksiýalaryň we çekişmeleriň geçirilmegini eýýäm teklip etdim we şu ýerde gaýtalasym gelýär. Olar edebiýat, medeniýet, sungat, parahatçylyk, halkara gatnaşyklary, atly sport we zenanlaryň hukuklarynyň giňeldilmegi ýaly temalary öz içine alyp bilerdi. Men muny ujupsyz şahsy goşantym bolar diýip hasaplaýaryn.
— Geliň yza seredip göreýliň. Siziň garaýşyňyza görä biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar taryhy taýdan nähili ösdürildi?
— Biziň hyzmatdaşlygymyzyň taryhy hakykatdanam özboluşly. Pakistan 1992-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ikinji döwlet boldy. Aýratyn bellemeli tarapy, 1995-nji ýylda Yslamabatda geçirilen YHG-niň sammitinde Türkmenistan ilkinji gezek özüniň Bitaraplyk syýasatyny dünýä mälim etdi. Biziň gatnaşyklarymyz köp sanly ýokary derejeli saparlar bilen berkidildi. Mysal üçin, geçen döwürde Pakistandan döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň derejesinde 19 sany sapar, Türkmenistan tarapyndan bolsa – 4 sany ýokary derejeli sapar amala aşyryldy. Elbetde, şu ýyl Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarifiň öňde boljak saparyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Ol Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan wekilçilikli foruma gatnaşar.
— Ikitaraplaýyn saparlardan başga-da biziň ýurtlarymyz halkara meýdançalarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Ählumumy gün tertibinde haýsy umumy gyzyklanmalar bizi birleşdirýär?
— Biziň ýurtlarymyz BMG-niň, ŞHG-niň, YHG-niň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary. Biz elmydama birek-biregi goldaýarys. Mysal üçin, Türkmenistan 2025-2026-njy ýyllar aralygynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalygyna biziň dalaşgärligimizi goldady, Pakistan bolsa öz gezeginde Türkmenistanyň BMG-niň esasy geňeşlerine we komissiýalaryna dalaşgärligini goldaýandygyny tassyklady. Bu zatlar biziň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzyň näderejede ynamlydygyny görkezýär.
— Ykdysadyýet barada gürleşeliň. Hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikler näderejede ýokary, esasanam TOPH gaz geçirijisi ýaly uly taslamalary göz öňünde tutsak?
— Iki ýurduň ýolbaşçylygy biziň ykdysady we energetika pudaklarymyzda nähilli ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna düşünýärler. TOPH gaz geçirijisi we TOP energetika taslamasy ýaly taslamalar bizi ýakynlaşdyrmakda eýýäm möhüm görkezijiler bolup durýar. Biz Türkmenistanyň strategiki energetika çeşmelerine we onuň sebitdäki öňdebaryjy ornuna ýokary baha berýäris. Dialog we hyzmatdaşlyk arkaly üýtgeýän geosyýasy ýagdaýy göz öňünde tutup, biz islendik çagyryşlary ýeňip geçip biljekdigimize ynanýarys.
— Beýleki ugurlarda dialog üçin nähilli mümkinçilikleri görýärsiňiz?
— Biz ulag gatnawlaryny gowulandyrmagyny esasy ileri tutulýan ugurlaryň biri diýip hasaplaýarys. Biz Türkmenistan bilen Pakistan bilen birleşdirjek we biziň Karaçi we Gwadar portlarymyz arkaly sebit we dünýä bazarlaryna çykmagy üpjün etjek täze söwda ýollaryny döretmegi teklip etdik. Dünýä derejesindäki Pakistanyň kompaniýalary Owganystanyň üsti bilen ikitaraplaýyn we sebitleýin aragatnaşygyny ep-esli pugtalandyryp biljek we Arap deňziniň ýyly suwlaryna gury ýeriň üsti bilen iň gysga ýoly üpjün edip biljek logistika we infrastruktura hyzmatlaryny hödürleýär.
Şeýle hem göni howa gatnawynyň gaýtadan dikeldilmegini möhüm hasaplaýarys. Bu söwda, syýahatçylyk, şol sanda lukmançylyk we elbetde medeni alyş-çalyş üçin ägirt uly mümkinçilikleri açar. Göz öňüne getiriň diňe mango we sitrus miweleri ýaly çalt zaýalanýan harytlaryň näderejede eltip boljakdygyny!
Biz işewürligi ösdürmek üçin eýýäm möhüm ädim ätdik: türkmen telekeçileri üçin Pakistana işewürlik wizasy bary-ýogy 24 sagadyň dowamynda resmileşdirilýär. Söwda barada aýdylanda bolsa, dokma önümleri – bu esasy ugurlaryň biridir. Türkmen pagtasy, ýüplügi we ýüňi Pakistana üstünlikli eksport edilip bilner, Pakistanda öndürilýän egin-eşikleri we dokma önümleri bolsa – bu ýerde Türkmenistanda öz bazaryny tapyp bilner.
Hyzmatdaşlygyň institusional mehanizmleri onlarça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalar arkaly berkidilendigini aýdanlarymyň üstüne goşmak isleýärin. Söwda, multimodal logistika, şol sanda deňiz portlary, medeniýet, bilim we syýahatçylyk ugurlary boýunça goşmaça ylalaşyklar taýýarlyk tapgyrlarynda.
— Bu örän gyzykly tema. Geliň, bu toplumyň käbir ugurlaryny beýän edeýliň.
Mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ynanýarys. Döwlete degişli däl guramalaryň sanly giňişligi ulanýan häzirki zaman dünýäsinde şeýle hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýedir.
Bizde türkmen ýaşlarynyň bilim almaklary üçin uniwersitetler, lukmançylyk we hünär merkezleri bar. Talyplara talyp hakyny bermäge we iki dilli maksatnamany işe girizmäge taýýardyrys.
Medeniýet we moda barada aýdylanda, biziň köp umumylyklarymyz bar! Men dizaýnerlerimiziň hyzmatdaşlyk edip, bilelikde görkezişleri gurnap biljekdiklerine ynanýaryn. Sportda bolsa, biz biri-birimizden köp zat öwrenip bileris. Mysal üçin, Pakistan dünýä çempionatynda ulanylýan futbol toplary bilen şöhratlanýar, Türkmenistan bolsa – deňsiz-taýsyz ahalteke atlary bilen meşhurdyr. Bilelikdäki polo we sportyň atly görnüşindäki ýaryşlar ajaýyp däbe öwrülip biler diýip pikir edýärin.
— Siziň biziň ýurtlarymyz üçin esasy islegleriňiz we arzuwyňyz?
Meň dolulygyna gatnaşyklarymyzy öňe ilerletmäge höwes edýärin. Meniň ýurdumyň ýolbaşçylyklarynyň belleýşi ýaly: “Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar üçin çäk ýok”. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli lideri, , Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistana ýakyn wagtda saparlarynyň amala aşyryljakdygyna tüýs ýürekden umyt edýärin. Geliň biziň dostlugymyzy berkitmek üçin bilelikde işleşeliň, esasanam bu möhüm ýylda.
Pakistanyň ilçisi doktor Farýal Legari bilen geçirilen söhbetdeşlik diňe bir iki ýurdy däl, eýsem iki marko sebiti – Merkezi we Günorta Aziýany birleşdirýän taryhy umumylyk we strategiki gyzyklanmalara çuňňur düşünýändigini görkezdi. Açyk dialog, Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň diňe bir syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyk bilen çäklenmän, eýsem medeniýet, bilim, sport we howpsuzlyk ýaly möhüm ugurlary öz içine alýandygyny görkezdi. Ilçiniň beýan eden aýdyň we anyk teklipleri Pakistanyň gatnaşyklary işjeň giňeltmäge we bu dostlukly gatnaşyklaryň ajaýyp geljegine ynam döretmäge taýýardygyny görkezýär.
Enejan KEPBANOWA